Генсек ООН: из-за пандемии более миллиарда учащихся остались без школы

  • 05.08.2020 19:21
  • 14k+

Tutuş dünýäde okuwçylaryň milliarddan gowragy pandemiýanyň täsirleri netijesinde mekdepden galdy ýa-da okuwlaryny kadaly ýagdaýda dowam etdirip bilmediler diýip, BMG-niň Baş sekretary aýdýar. Bu barada Euronews habar berýär.

160 döwletde hökümet mekdepleri ýapmaly boldy diýip, Antoniu Guterriş Twitterdäki sahypasynda wideoýüzlenmede düşündirýär, 40 million çaga çagalar baglaryndan galdy.

“Sapaklaryň radionyň, telewideniýäniň kömegi bilen, internetde dowam etdirilýändigine, şeýle-de mugallymlaryň we ene-atalaryň ähli tagallalaryna garamazdan, köp okuwçylar elýetmez ýagdaýa düşdüler. Mümkinçiligi çäkli bolan okuwçylaryň, azlygyň we jemgyýetiň aşaky gatlagynyň wekilleriniň, öz ýurdundan göçürilen adamlaryň we bosgunlaryň, aýratyn sebitlerde ýaşaýanlaryň öz ýaşytdaşlaryndan gaty yza galmaklary mümkin” – diýip, Antoniu Guterriş aýdýar.

Üstesine-de, eger-de ösen ýurtlarda ýaramaz täsirleri uzak aralykdan bilimiň hasabyna az-kem kadalaşdyrmak başardan hem bolsa, ösüp barýan döwletlerde ýagdaý örän gynandyryjy diýip, ol sözüniň üstüne goşýar. Hatda ÝB-de, ÝUNESKO-nyň maglumatlary boýunça, okuw prosesiniň togtadylmagy sebäpli zyýan çekenleriň sany millionlar bilen hasaplanylýar: Beýik Britaniýada, Germaniýada we Fransiýada tas 15,5 million adam.

“Biz uly adamzat güýjüniň ýitmegine, onlarça ýylyň dowamynda ýetilen ösüşiň ýok bolmagyna we bar bolan deňsizligi berkitmäge getirip biljek nesil heläkçiligine sezewar bolduk” – diýip, BMG-niň Baş sekretary sözüni jemledi.

04.06.2026 17:40
8.5k+

В пустыне Кызылкум после аномальных дождей образовалось озеро

В Бухарской области Узбекистана на территории «Шурбулак» за последние полгода сформировалось озеро площадью около 80 квадратных километров. Его появление связывают с осадками, которые почти втрое превысили......

02.06.2026 20:28
7.4k+

Из-за тайфуна в Японии остановят 18 заводов Toyota и Suzuki

Тайфун «Чанми» станет причиной временной остановки 18 автомобильных заводов в Японии. 3 июня производство будет приостановлено на 13 предприятиях Toyota и пяти заводах Suzuki....

01.06.2026 23:54
7.2k+

На Окинаву надвигается мощный тайфун, отменены сотни авиарейсов

Самый южный регион Японии — Окинава — готовится к прохождению тайфуна «Джангми», который, по прогнозам синоптиков, принесет сильные дожди, штормовую погоду и шквалистый ветер....

01.06.2026 20:14
7.4k+

Более 100 домов повреждены после взрыва на северо-востоке Мьянмы

В результате взрыва в здании на северо-востоке Мьянмы погибли 46 человек, среди которых шестеро детей. Еще 74 человека получили ранения и были доставлены в больницу округа Намхкам. Об этом сообщают Associated......