Obameýangyň dubly bilen «Arsenal» Angliýanyň Kubogyny we Ýewropa ligasyna gatnaşmak hukugyny gazandy

  • 02.08.2020 08:57
  • 7.5k+

«Arsenal» final duşuşygynda «Çelsini» 2:1 hasabynda ýeňip, Angliýanyň kubogyny eýelemegi başardy.

Duşuşykda Lemperdiň oýunçylarynyň ilki bolup hasaby açandygyna garamazdan, oýnuň ykbalyny gabonly futbolçy Pýer Emerik Obameýang çözdi. Hüjümçi bu duşuşyga kapitanlyk daňysy bilen çykypdy. Galyberse-de, 2-nji geçiren goly Obameýang üçin «Arsenalyň» düzümindäki 70-nji pökgüsi bolupdy.
«Arsenal» taryhynda 14 gezek Angliýanyň Kubogyny eýeledi. Şeýlelikde, ol bu baýragy 12 gezek gazanmagy başaran «Mançester Ýunaýtedden» arany açýar.
Şeýle hem bu ýeňşi «Arsenalyň» ýewropa ligasynda çykyş etmegine ýol açdy.
Kubogy gowşurmak dabarasynda kiçeňräk hadysa hem bolup geçdi — Obameýang kubogy elinden gaçyrdy.

şu gün 11:01
6.3k+

Baýramdurdy Nurmuhammedow Dubaýda geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana bürünç medal getirdi. Dubaýda geçirilen bu ýaryş dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemläp, Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda möwsümiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi...

şu gün 09:53
4.9k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...

düýn 23:17
18k+

Serdar Berdimuhamedow halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanan türgenlere 2025-nji ýylyň Toyota Camry-lerini sowgat etdi

15-nji dekabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda halkara sport ýaryşlarynda baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň tälimçilerine sylaglary gowşurdy...

düýn 17:21
6.3k+

Mbappe dünýäniň iň gymmat oýunçylarynyň sanawynda Ýamal we Holand bilen deňleşdi

Madridiň “Realynyň” we Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň gymmat futbolçysy boldy. Bu “Transfermarkt” portaly tarapyndan Ispaniýanyň çempionatynyň oýunçylarynyň bazar bahasy boýunça täzelenen maglumatlardan gelip çykýar...