Beýik Britaniýa koronawirusyň täzeden ýaýraýandygy sebäpli karantini gowşatmakdan boýun gaçyrdy

  • 01.08.2020 12:08
  • 20k+

Beýik Britaniýanyň premýer-ministri Boris Jonson Angliýada koronawirus ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy bilen baglylykda karantin çäreleriniň dowamly gowşadylmagynyň bes edilýändigini aýtdy. Bu barada britan hökümetiniň ýolbaşçysy Twitterde görkezilen press-konferensiýanyň dowamynda habar berdi. Muny iz.ru ýetirýär.

“Men biziň kabul edýän çärelerimiziň köp adamlar üçin urgy boljakdygyny bilýärin... Men muňa örän gynanýaryn, ýöne biz töwekgelçilik edip bilmeýäris” – diýip, Jonson belleýär.

Çäklendirmeleri aýyrmagyň nobatdaky tapgyry 1-nji awgusta meýilleşdirilipdi. Ýagny, 1-nji awgustdan Beýik Britaniýada sport merkezlerini, boulingleri, kazinony, gözellik salonlaryny we käbir teatrlary açmak göz öňünde tutulypdy.
Jonsonyň aýtmagyna görä, koronawirus bilen göreşde ösüş bellige alynýar, ýöne hökümet ýagdaý ýaramazlaşanda aýgytly çäreleri kabul etmäge taýýar. Milli statistikanyň şu günki maglumatlar býurosy koronawirus ýaýrawynyň maýdan bäri güýçlenip başlandygyny görkezýär, biz bu maglumatlary inkär edip bilmeris” – diýip, ol aýdýar.
Jonson britaniýalylaryň koronawirus ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygy sebäpli 8-nji awgustdan diňe bir ulaglarda ýa-da dükanlarda däl-de, eýsem, ähli jemgyýetçilik ýerlerinde maska dakynmalydyklaryny sözüniň üstüne goşdy.
Beýik Britaniýada COVID-19 bilen kesellänleriň sanynyň bir gije-gündizki ösüşi 846 adama barabar boldy, ýogalanlaryň sany 46 müňe golaýlady.
Iýulyň ortalarynda Jonson ýurduň şu ýyldaky Roždestwo baýramçylygyna çenli koronawirusdan doly saplanyp biljekdigine umyt bildirdi. Ýöne şu hepdede Jonson Ýewropa ýurtlarynda COVID-19 keseliniň ikinji tolkunynyň alamatlarynyň ýüze çykýandygy barada habar beripdi. Ol “çalt we aýgytly hereketleri” kabul etmegiň zerurdygyny aýtdy.

düýn 20:17
3.9k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......