Tramp pandemiýa sebäpli prezident saýlawlaryny yza süýşürmegi teklip etdi

  • 31.07.2020 08:16
  • 14k+

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp penşenbe güni ýurtda koronawirusyň ýaýramagy bilen baglylykda saýlawlary yza süýşürmegi teklip etdi. Bu barada TASS habar berýär.

"Poçta arkaly ählumumy ses berişlik bilen (oňyn hasaplanylýan saýlaw býulleteni däl) 2020-nji ýyl (ABŞ saýlawlary - Red.belligi) taryhda iň şübheli we adalatsyz ýyl bolar. ABŞ üçin ullakan biabraýçylyk bolar. Adamlar dogry, ygtybarly we howpsuz ses berip bilýänçä saýlawlary yza süýşürmelimi?" - diýip, soňky wagtlar poçta arkaly ses bermegi tankyt edip gelýän Tramp Twitterde ýazdy.

Ýurtda elin ses bermek mümkinçiligi koronawirusyň giň ýaýramagy meselesi bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Federal we ýerli häkimiýetleriň maglumatlarynyň esasynda hasabat ýöredýän Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, ABŞ-da 4,4 milliondan gowrak kesel ýokuşmasy ýüze çykaryldy, 150,7 müňden gowrak adam keseliň pidasy boldy.
28-nji iýulda ABŞ-nyň Baş prokurory William Barr Kongresiň diňlenişiginde ABŞ-nyň noýabr aýynda geçiriljek saýlawlarda poçta arkaly ses berişligiň saýlawyň netijeleriniň galplaşdyrylmagyna sebäp bolup biljekdigini aýtdy. Ondan prezidentiň saýlawlaryň geçiriljek senesini yza süýşürmäge hukugynyň bardygyny ýa-da ýokdugyny soradylar. "Maňa ozal hiç haçan bu sorag berilmändi. Men bu sorag bilen baş prokuror hökmünde ýüzbe-ýüz bolup görmändim" - diýip, Barr jogap beripdi.

şu gün 14:57
2.2k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

düýn 10:08
3k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.7k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....