Türkmenistanyň futbol boýunça çempiony AFK-nyň Çempionlar ligasynda çykyş eder

  • 30.07.2020 16:33
  • 12k+

2021-2022 futbol möwsüminde Çempionlar ligasynda hem-de AFK-nyň Kubogynda Türkmenistanyň futbol toparlarynyň üçüsi çykyş etmäge mümkinçilik alar. Bu barada Türkmenistanyň Futbol federasiýasy AFK-dan gelen resmi hata salgylanyp habar berýär.

Resmi hatda görkezilişi ýaly, şu ýyl dowam edýän Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň ýeňijisi 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş eder.
Türkmenistanyň Kubogy — 2020-niň ýeňijisi 2021-nji ýylda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşiginde çykyş etmäge mümkinçilik alar. Şu ýyl Türkmenistanyň Futbol çempionatyny ikinji hatarda tamamlan topar bolsa AFK-nyň Kubogynyň deslapky tapgyrynda çykyş eder.
Eger-de, futbol çempionatymyzyň hem-de Kubogynyň ýeňijisi şol bir topar bolsa, onda AFK-nyň Kubogynyň toparçalaýyn bäsleşigine Türkmenistanyň çempionatyny ikinji hatarda tamamlan, deslapky tapgyrynda bolsa üçünji orny eýelän topar gatnaşmaga mümkinçilik alar.
Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň 28-nji futbol çempionatynyň üçünji aýlawyna 25-nji awgustda badalga berler. Dört aýlawdan ybarat bolan futbol çempionatymyzda toparlaryň sekizisiniň (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Energetik”, “Merw”, “Köpetdag”) çykyş edýändigini ýatladýarys.
Geçirilen 14 tapgyrdan soň 33 utuk toplan paýtagtymyzyň “Altyn Asyr” topary ýaryş tertibinde birinji basgançagy eýeleýär. Ikinji, üçünji orunlarda degişlilikde “Ahal” (31 utuk) bilen “Şagadam” (22 utuk) toparlary ornaşdylar.
Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysynda Ýokary liga wekilçilik edýän toparlaryň 8-si gatnaşar.
Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýek finalynyň birinji duşuşyklary 30-31-nji awgustda, jogap oýunlary bolsa 19-20-nji sentýabrda geçiriler.
Tertipde birinji görkezilen toparlar ilkinji duşuşyklaryny öz meýdançalarynda geçirerler.

düýn 19:30
1.8k+

«Inter» finalda «Lasio» toparyny utup, onunjy gezek Italiýanyň Kubogynyň eýesi boldy

Milanyň «Inter» kluby 2025/2026 möwsüminiň Italiýanyň Kubogy ýaryşynyň final duşuşygynda Rimiň «Lasio» toparyny 2:0 hasabynda utdy. «Neradzurri» bu kubogy öz taryhynda onunjy gezek gazandy....

düýn 16:35
3.9k+

«Real» resmi taýdan möhletinden irki prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigini yglan etdi

Madridiň «Realy» aslynda 2029-njy ýyla meýilleşdirilen klubuň prezidentiniň we direktorlar geňeşiniň möhletinden irki saýlawlarynyň başlanýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

düýn 15:38
1.5k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

düýn 10:38
2.5k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....