Bill Geýts ABŞ-da koronawirus testiniň geçirilişini tankytlady

  • 29.07.2020 00:57
  • 15k+

Microsoft kompaniýasyny esaslandyryjy Bill Geýts CNBC telekanalyna beren interwýusynda ABŞ-da koronawirus üçin geçirilýän analizleriň netijeleri baradaky pikiri bilen paýlaşdy. Bu barada delovoe.tv habar berýär.

Amerikan telekeçisiniň pikiriçe, barlaglaryň köpüsi “wagty we serişdäni doly ýitirmek” bolup durýar. Geýts ABŞ-da COVID-19 üçin analiz tabşyrmak bilen netijeleri çykarmagyň aralygynyň ortaça iki gije-gündizden geçýändigini belleýär.
Bu pandemiýa fonunda ýerli barlaghanalara ýokary agramyň düşýändigi bilen düşündirilýär. Telekeçi şeýle ýagdaýda adamlaryň kesel barada has giç biljekdigine, munuň bolsa ýokanjyň ýaýramagyna ýardam etjekdigine ynanýar.

“Hiç kim netijesine üç ýa-da ýedi günden köp garaşmaly bolýan barlag üçin hatda $1 hem tölemeli däl” – diýip, Geýts belleýär. Iýunda Geýts sanjym arkaly adamzady çipleşdirmekde günälenmegine jogap berdi, ol “delillendirilmedik” teoriýalaryň ählisini ýalana çykardy. “Men hiç haçan mikroçiplere meňzeş haýsydyr bir zatlar bilen meşgullanmandym. Muny inkär etmek kyn, sebäbi bu örän akmaklyk we geň” – diýip, milliarder düşündirýär.

düýn 17:46
1.3k+

Beýik Britaniýada düwnük çişlerini ýok edýän sanjym synagdan geçirildi

Beýik Britaniýada «Amiwantamab» derman serişdesiniň kliniki barlaglary tamamlandy. Synaglaryň dowamynda kelläniň we boýnuň düwnük keseliniň agyr görnüşlerinden ejir çekýän hassalaryň käbirinde çişleriň ep-esli......

düýn 15:54
2.4k+

Hytaý dünýäde ilkinji bolup beýni implantynyň täjirçilik maksatly ulanylmagyna rugsat berdi

Hytaý dünýäde inwaziw «beýni–kompýuter» interfeýsiniň (Brain-Computer Interface, BCI) täjirçilik maksatly ulanylmagyny resmi taýdan tassyklan ilkinji ýurt boldy....

04.06.2026 07:25
4.7k+

Ýewropanyň saglygy goraýyş işgärleriniň tas üçden birinde düwnüge uçramak töwekgelçiligi bar

Ýewropanyň zähmet wezipelerinde howpsuzlyk we saglygy goramak baradaky agentliginiň (EU-OSHA) geçiren barlagy, Ýewropadaky lukmançylyk we durmuş üpjünçiligi pudagynyň işgärleriniň 29,5 göteriminiň iş......

03.06.2026 23:34
5k+

Parižiň golaýyndaky psihiatriýa hassahanasy näsaglary eşek terapiýasy arkaly bejerýär

Parižiň gündogaryndaky Wil-Ewrar hassahana toplumynda Fransiýada ýeke-täk eşek terapiýasy bölümi hereket edýär. Depressiýa, howsala, autizm, şizofreniýa we başga-da dürli keselli näsaglar bilen işleýän bu......