Hytaýda AG600 dünýäde iň uly gidrouçary synagdan geçirdiler

  • 29.07.2020 00:10
  • 17k+

Hytaýda AG600 adyny alan dünýäde iň uly gidrouçary synagdan geçirdiler. Howa gämisi deňziň üstündäki birinji gatnawyny üstünlikli tamamlady. Bu barada actualnews.org habar berýär.

Uçar-amfibiýanyň birinji ekzemplýarynyň synaglary Sindao sebitinde geçdi. Howada gämi 30 minutdan gowrak wagt saklandy.
AG600 synagdan 2017-nji ýylyň dekabryndan bäri geçýär, suwdan ilkinji uçuş 2018-nji ýylyň oktýabrynda Hubeý welaýatynda Szinmen howdanynda geçirildi. Synag uçuşynyň meýilnamasy deňziň üstünden uçuşy, pilotažy we gonalga gonuşy öz içine aldy. Deňiz synaglarynyň maksady uçaryň açyk deňiz üçin häsiýetli bolan tolkun ýa-da ýel şertlerinde uçup hem-de gonup bilmek ukybyny, şeýle-de onuň gurluşynyň hem-de enjamlarynyň duzly suwuň täsirine durnuklylygyny barlamakdan ybarat.
Uçary öndürijiniň häzirki wagtda şeýle ulaga 17 sargydy bar. Uçar ada bazalaryna ýükleri we halas ediji işleri eltmeklige niýetlenilen. Ol ýangyny öçürmek üçin hem ulanylyp bilinýär, uçar 4000 kwadrat metre çenli meýdanly oduň merkezine 12 tonna çenli suwy taşlap bilýär. AG600 uçaryň ýolagçy sygymy 50 orna barabar.
53,5 tonna uçuş agramly, uzynlygy 37 töweregi we ganatlarynyň gerimi 39 metr töweregi bolan AG600 öň uçan A-40 “Albatros” sowet we H-4 Hercules amerikan uçujy ulaglaryndan öňe geçmeýändigine garamazdan, häzirki günde ulanylýan uçarlaryň arasynda dünýäde iň uly gidrouçar hasaplanylýar.

düýn 23:18
442

π0.7 roboty öň öwredilmedik işleri-de ýerine ýetirip başlady

San-Fransiskoda ýerleşýän Physical Intelligence kompaniýasy robotlar üçin niýetlenen täze π0.7modelini tanyşdyrdy. Bu model robotlara öň hiç wagt öwredilmedik işlerini ýerine ýetirmäge-de mümkinçilik berýär.......

düýn 23:05
370

Parallel aň: Alymlar beýnide astrosit esasly ikinji aragatnaşyk ulgamyny tapdylar

Nýu-Ýork uniwersitetiniň alymlary uzak wagtlap diňe kömekçi öýjükler hasaplanýan astrositleriň beýnide özleriniň giň aragatnaşyk ulgamyny emele getirýändigini anykladylar....

12.05.2026 23:21
6.5k+

Mehiko her aýda 1,5 santimetr ýere çökýär: NASA howply ýagdaýy hasaba aldy

NASA-nyň radiolokasiýa ulgamynyň maglumatlaryna görä, Meksikanyň paýtagty Mehiko şäheri her aýda ortaça 1,5 santimetr ýere çökýär....

12.05.2026 21:10
5.1k+

Günorta Koreýa esger ýetmezçiligi sebäpli Hyundai robotlaryndan ybarat goşun döretmek isleýär

Günorta Koreýanyň Goranmak ministrligi harby gullukçylaryň sanynyň azalmagy sebäpli, goşunda robototehnikany ornaşdyrmak üçin Hyundai Motor kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmegiň ugruna çykdy....