Президент Бразилии сообщил о выздоровлении после заражения коронавирусом

  • 25.07.2020 22:28
  • 9.1k+

Braziliýanyň Prezidenti Žair Bolsonaru SARS-CoV-2 koronawirus üçin barlag tabşyrdy we otrisatel netijäni aldy. Bu barada ol öz Twitter sahypasynda habar berdi. Muny lenta.ru ýetirýär.

“SARS-CoV-2 üçin PZR barlagyň netijesi otrisatel çykdy. Hemmäňize gowy gün arzuw edýärin” – diýip, Bolsonaru belleýär.
Braziliýanyň Prezidenti wirus bilen keselländigini birinji gezek 7-nji iýulda habar berdi. Şonda ol özünde keseliň ilkinji alamatlaryny ýüze çykardy. Döwlet ýolbaşçysy tarapyndan tabşyrylan koronawirus üçin ähli barlaglar şu wagta çenli onda wirusyň bardygyny delillendirýärdi.
18-nji iýunda professor Elder Nakaýa Braziliýada koronawirus bilen kesellemegiň täze ýagdaýlarynyň sanynyň çalt ösüşiniň sebäbini düşündirdi. Olaryň biri hökmünde ol ilkibaşda ýokanjyň bardygyny inkär eden, soňra COVID-19 bilen göreş üçin düýpli çäreleri girizmegi islemedik Bolsonarunyň syýasatyny atlandyrdy. Şeýle-de, döwlet ýolbaşçysy ştatlarda koronawirus ýokanjynyň ýaýrawy bilen göreşmek üçin söwdany we hyzmatlary çäklendirýän ýagdaýlary hem işjeň tankytlaýar.
Braziliýa COVID-19 bilen kesellänleriň sany boýunça ikinji orunda ýerleşýär. Ýurtda 2,2 milliondan gowrak kesel ýagdaýy bellige alyndy, olardan 1,7 million adam sagaldy, 85 müň adam ýogaldy.

26.04.2026 15:51
8.5k+

Вулкан Эребус в Антарктиде выбрасывает частицы золота

Вулкан Эребус в Антарктиде, являющийся самым южным активным вулканом планеты, ежедневно выбрасывает в атмосферу микроскопические частицы золота вместе с газом и паром. Исследователи зафиксировали в составе......

24.04.2026 18:54
9.9k+

Серия торнадо обрушилась на центральные штаты США

23 апреля серия из 17 торнадо прошла по Великим равнинам США — от Техаса до района Великих озёр. Самый мощный вихрь обрушился на северо-запад штата Оклахома, сообщает Associated Press....

22.04.2026 01:04
8k+

«А23а всё». Считавшийся крупнейшим айсберг потерял 99% своей площади

Айсберг А23а, который до конца 2025 года считался крупнейшим в мире, практически прекратил существование, сообщили в Арктическом и антарктическом научно-исследовательском институте (ААНИИ)....

21.04.2026 16:23
10k+

В Бразилии сильнейший град повредил десятки тысяч автомобилей

В минувшие выходные на бразильский мегаполис Сан-Паулу обрушился мощный град размером с куриное яйцо. Власти в ряде муниципалитетов ввели режим чрезвычайной ситуации....