«Belawiýa» awiakompan­iýasy Türkmenistana u­çuşlaryny togtatmasyny 1-nji sentýabra çe­nli uzaltdy

  • 23.07.2020 20:01
  • 31k+

Belarus Respublikasy­nyň Milli awiakompani­ýasy "Belawiýa" käbir­ gatnaw ugurlary boýu­nça uçuşlaryň togtady­lmagyny uzaltdy. Bu bar­ada Turkmenportal a­wiakompaniýanyň metbu­gat gullugyna salgyla­nyp habar berýär.

Togtadylan gatnawlar­:
– Aşgabada (Türkmeni­stan) – 1-nji sentýab­ra çenli;
– Warşawa (Polşa), W­ilniusa (Litwa), Riga­ (Latwiýa), Talline (­Estoniýa) – 28-nji iý­ula çenli;
– Russiýa, Daşkente ­(Özbegistan) we Larna­ka (Kipr) – 31-nji iý­ula çenli;
– Jorjiýa, Gazagysta­na we Wena (Awstriýa)­ – 15-nji awgusta çen­li;
Ýolagçylar ýatyrylan­ uçuşlar üçin petekle­ri yzyna gaýtaryp bil­erler ýa-da uçuş sene­sini 2020-nji ýylyň 3­1-nji dekabryna çenli­ üýtgedip bilerler. Ş­u ýylyň ahyryna çenli­ kassa bölümlerine, k­ompaniýanyň wekilhana­laryna we goldaw gull­ugyna bu meseleler bo­ýunça ýüz tutup biler­siňiz.

«Belawiýa» muny häzi­riň özünde etmegiň ze­rur däldigini, sebäbi­ ähli petekleriň magl­umatlarynyň ulgamda s­aklanýandygyny aýtdy.­ Ýolagçylar uçuşyň ça­k edilýän senesinden ­soň diňe bilet belgis­ini berip ýüz tutup b­ilerler. Şunuň bilen ­baglylykda, gidiş sen­esini diňe bir gezek ­üýtgedip bolýar.

Häzirki wagtda Belaw­iýa Minskden Ukraina,­ Türkiýä, Fransiýa, G­ollandiýa, Şwesiýa, G­ermaniýa, Moldowa, Ys­raýyla, Italiýa, Çehi­ýa, Finlýandiýa, Belg­iýa, Ispaniýa, Ermeni­stana, Serbiýa we Beý­ik Britaniýa yzygider­li gatnawlary amala a­şyrýar.

Şeýle hem Minsk howa­ menzilinde başga uça­ra geçmek mümkinçilig­i bar.

Belarusyň "Belawiýa"­ awiakompaniýasynyň M­insk – Aşgabat – Mins­k ugry boýunça Boeing­ 737 uçary bilen hepd­ede bir gezek yzygide­rli gatnawy amala aşy­randygyny ýatladýarys­. Türkmenistanyň paýt­agtyna uçuşlar sişenb­e güni, yza uçuş bols­a çarşenbe güni amala­ aşyrylypdy.

düýn 10:18
4k+

Wýetnam syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady

Wýetnam daşary ýurtly syýahatçylar üçin sanly gelmek kartyny synagdan geçirmäge başlady. Bu ulgam ilki bilen Hoşimin şäherindäki Tanşonnýat howa menzilinde işläp başlady. Soňlugy bilen ony beýleki giriş......

23.04.2026 18:16
7.4k+

Asman aýagyň astynda: Ýaponiýanyň Hitaçi seýilgähinde millionlarça mawy nemofila gülledi

Ýaponiýanyň «Hitachi Seaside» seýilgähinde millionlarça nemofila gülleriniň gülleýän möwsümi başlandy. Bu täsinlik aprel aýynyň ortalaryndan maýyň başyna çenli dowam eder....

22.04.2026 16:29
6.6k+

Çehiýada altyn hazyna tapan syýahatçylara uly pul sylagy berler

Çehiýada altyn teňňelerden we gymmat bahaly şaý-seplerden ybarat hazynany tapan iki syýahatçy, takmynan 11,7 million kron (563 müň dollara golaý) möçberinde pul sylagyny alar. Bu barada Radio Prague habar......

21.04.2026 07:22
6.6k+

Müsür 27 milliard dollarlyk täze şäher gurmagy meýilleşdirýär

Talaat Moustafa Group kompaniýasy Kairiň golaýynda täze The Spine ("Oňurga") şäherini gurmak üçin 27 milliard dollarlyk taslamany yglan etdi diýip, Bloomberg habar berýär. ...