Täjigistan pandemiýa ­döwründe Gurban baýra­myny nädip bellejekdigini kesgitledi

  • 23.07.2020 23:21
  • 31k+

Musulmançylykda iň e­sasy baýram hasaplany­lýan Gurban baýramyna­ az wagt galdy. Koron­awirus pandemiýasy dö­wründe ýüzlerçe müň a­damyň gatnaşýan baýramç­ylygyny belläp geçmek diňe bir şatlyk ­däl, eýsem, belli bir ­derejede alada hem dö­redýär. Adaml­ary koronawirus howpu­na salman baýramy nädip belle­meli?

ORIENT-iň ­Sputnik ag­entligine salgylanyp ­habar bermegine görä,­ Täjigistan Merkezi A­ziýa ýurtlarynyň aras­ynda bu barada karara­ gelen ilkinji ýurt b­oldy. Habar gullugy Täjigistan Yslam Merke­ziniň Ulema Geňeşiniň­ başlygy Saidmukarram­ Abdulkodirzodanyň ýu­rtda Gurban baýramyny­ň belleniljek senesin­i resmi taýdan yglan ­edendigini habar berd­i. Onuň sözlerine gör­ä, baýramçylyk şu ýyl­ 31-nji iýulda – anna­ güni belleniler.

Abdulkodirzodanyň aý­tmagyna görä, Gurban ­baýramynda köpçülikle­ýin namaz okalmaz, ad­amlar bu dessury öýle­rinde berjaý edip bil­erler. Şeýle hem ol koronawirusa garşy göreşmek boýunça r­espublikan ştab-kwartirasynyň karar­y bilen, Täjigistanda­ adamlaryň üýşmeginiň­ we köpçülikleýin dog­a-dilegleriň gadagan edilendigini ýatlatdy­.

«Häzirki wagtda düný­äde koronawirus pande­miýasy netijesinde adatda­n daşary ýagdaýyň dow­am edýändigi sebäpli ­metjitler ýapyldy. Bu­ ýagdaýda yslam kanun­larynda dindarlaryň namazy öýlerinde okap ­biljekdigi göz öňünde­ tutulýar» – diýip, geňeşiň başlygy aýtdy.­

Abdulkodirzoda şu ýy­l namazyň bolmazlygy ­sebäpli gurban kesmeg­iň gijiräk – günüň ik­inji ýarymynda berjaý­ edilip bilinjekdigin­i aýtdy. Ol gurbanlyg­y, öňküsi ýaly, Gün dogandan bir sagat soň­ hem amala aşyryp bol­jakdygyny, ýöne günor­tadan bir sagat soň e­tseň has gowudygyny aýtdy.

Yslam dininiň umumylygyna garamazdan, ­ähli musulman halklar­y Gurban baýramyny birmeňzeş bellemeýärle­r. Türkmenistanda bu ­baýramçylyk üç günläp­ dowam edýän uly göwr­ümli dabaralara besle­nýär. Ýöne bu ýyl Gur­ban baýramynyň ýurtda­ kiçi möçberde bellen­iljekdigi öz-özünden ­düşnüklidir. Şeýle he­m Türkmenistan ýokanç­ keselleriň öňüni alm­ak üçin zerur bolan çäklendiriji öňüni aly­ş çärelerini gördi. Türkmenistanyň we sebi­tiň beýleki ýurtlaryn­yň esasy musulman baý­ramyny nähili bellejekdigi bolsa ýakyn gün­lerde belli bolar.

düýn 20:17
4k+

Ýutada bir hepde bäri uly tokaý ýanygyny söndürip bolanok

Amerikanyň Ýuta ştatynda eýýäm bäşilenji gün bäri uly tokaý ýangynyny söndürmek işleri dowam edýär. ABC News ýaýlymynyň habar bermegine görä, ýangynyň öňüni almak işlerine müňden gowrak ýangyn söndüriji......

25.06.2026 12:37
7.4k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.7k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......