Türkmen-eýran serhediniň Sarahs stansiýasyndan her günde geçýän wagonlaryň sany ýüzden geçdi

  • 23.07.2020 17:03
  • 37k+

Türkmenistan bilen Eýranyň serhedindäki Sarahs demir ýol menzilinden her günde ýüz töweregi dürli wagon gelip-geçýär. Bu barada ORIENT agentligi habar berýär.

Gubernator Muhammet Reza Rajabi Mogaddam ISNA habarlar agentligine beren interwýusynda şeýle belleýär: «Iki ýurduň tagallalary netijesinde, Sarahs (Türkmenistan) serhedinde ýük wagonlarynyň gündelik üstaşyr geçişine mukdar çäklendirmesi aýryldy. Sarahs serhet bölüminde dezinfeksiýa tunelleri döredildi. Eýrandan Türkmenistana eksport edilýän harytlaryň köpüsi – gurluşyk materiallary we oba hojalyk önümleri».

Eýran Türkmenistan üçin ikitaraplaýyn özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmak babatda möhüm ähmiýete eýe bolan, bilelikde onlarça iri taslama durmuşa geçirilen ýa-da durmuşa geçirilýän iň uly ykdysady hyzmatdaşlardan biridir.

şu gün 01:04
1.2k+

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardygyny tassyklady

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Duşuşygyň barşynda bellenilişi...

şu gün 00:48
5.9k+

Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde 2025-nji ýylyň netijelerine seretdi

21-nji ýanwarda Prezident Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan 2025-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi hem-de şu ýylda bu düzümleriň öňünde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi...

şu gün 00:16
8.1k+

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy wezipesinden boşadyldy

Ý.Nuryýew, başga işe geçýändigi sebäpli, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy, serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy wezipesinden boşadyldy. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli resminama 21-nji ýanwarda Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi...

düýn 18:53
1k+

Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili bilen duşuşdy

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili Eduards Stipraýs bilen duşuşdy. Stipraýs Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän çärelere gatnaşmak üçin Aşgabada geldi...