Roý Jons Maýk Taýson bilen göreşmäge razylyk berdi

  • 23.07.2020 02:29
  • 17k+

Boks boýunça bäş agram derejede dünýä çempiony Roý Jons Jr. agyr agramda absolýut dünýä çempiony Maýk Taýson bilen söweşmäge razy boldy. Bu barada Sport Express habar berýär.

«Hawa, Maýk hakykatdan hem rowaýat. Onuň bilen ringe çykmak teklibini alanyňdan soň ýüz döndermek akmaklyk bolar. Men gaýdyp söweşmekçi däldim, ýöne Maýk Taýsonyň hatyrasyna kadadan çykmaga razy. Bu meniň üçin ret edip bolmajak mümkinçilik. Ol özi bilen ringe çykmak isleýänleriň arasyndan meni saýlady. Şeýdensoň, men nädip ýok diýip bilerin» – diýdi.

Maýk Taýson bilen Roý Jonsyň 2020-nji ýylda söweşjekdigi baradaky maglumatlar sişenbe güni peýda boldy. Söweşiň sentýabr aýynda ABŞ-da geçiriljekdigi, onuň sekiz tapgyrdan ybarat boljakdygy, şeýle hem agram kategoriýasynyň entek kesgitlenmändigi habar berildi.
Aprel aýynyň ahyrynda Taýson ringe dolanmak isleýändigini aýtdy. 54 ýaşly amerikaly boksçynyň hasabynda 50 ýeňiş (44 nokaut bilen), alty ýeňliş bar, iki söweş bolsa hasaba alynmady. Onuň soňky söweşi 2005-nji ýylyň 11-nji iýunynda bolup geçdi, şonda ol irlandiýaly Kewin MakBraýddan ýeňlipdi.
50 ýaşly Roý Jons 2018-nji ýylda karýerasyny tamamlady, ol 66 gezek ýeňiş gazandy (47 nokaut bilen) we 9 gezek ýeňildi.

şu gün 14:53
5.2k+

Usik ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürdi, ýöne «soňky tansy» wada berdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik özüniň ähli çempionlyk guşaklaryndan ýüz öwürmek barada netijä geldi. Ol bu barada özüniň sosial ulgamlaryndaky sahypalarynda mälim etdi....

şu gün 13:51
6.5k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 23:43
7.3k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

düýn 20:10
8.2k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....