W.Putin “Baky polkuň” dabaraly ýörişini 2021-nji ýyla geçirmäge razy boldy

  • 21.07.2020 16:48
  • 13k+

RF-niň Prezidenti Wladimir Putin “Baky polkuň” guramaçylarynyň ýörişi indiki ýyla geçirmek baradaky pikirini dogry hasaplaýar.

“Biz (aksiýany şu ýylda geçirmek) islemesek hem, çäräni indiki ýyla geçirmeli bolýar” – diýip, döwlet ýolbaşçysy Kerçde “Zaliw” gämi gurluşygy kärhanasynyň işgärleri bilen gürrüňdeşliginde aýtdy. Bu barada tass.ru habar berýär.
W.Putin “Baky polkuň” “dabaraly ýagdaýda, ýokary derejeli, ajaýyp” geçjekdigine söz berdi. Prezident, öň däp boýunça 9-njy maýda geçýän çäräni HDF-iň (Harby-deňiz floty) Gününiň bellenilýän we ýörişiň geçirilýän güni bolan 26-njy iýula geçirmegi teklip edendigini ýatlap geçdi.

“Men ahyryna çenli hünärmenler, alymlar bilen maslahatlaşdym, Piterde ýörişde bolmak we Gyzyl meýdança uçmaga ýetişmek üçin gün tertibimi hem düzdüm” – diýip, döwlet ýolbaşçysy aýdýar. Ýöne, onuň aýtmagyna görä, hünärmenler şeýle köpçülikleýin hereketi iýulda geçirmegi maslahat bermeýärler.
W.Putin “Baky polk” geçirilende sosial aradaşlygy berjaý edip bolmajakdygyna ünsi çekdi. “Şeýle görnüşli çäreleriň ähli manysy rus halkynyň biziň atalarymyzyň, babalarymyzyň ýadygärliginiň öňünde jebisligi görkezmeginde jemlenýär” – diýip, Prezident belleýär. Geçen hepdede “Baky polk” hereketiniň guramaçylary dabaraly ýörişi koronawirus bilen bagly sanitar-epidemiologik ýagdaý sebäpli 2021-nji ýyla geçirmeli diýen karara geldiler.

27.06.2025 20:25
13k+

Dünýäniň iň gurak ýerleriniň biri bolan Atakama çölüni gar örtdi

Çiliniň demirgazygynda Atakama çölünde gar ýagdy. Bu çöl Ýer ýüzünde iň gurak sebitleriň biri hökmünde tanalýar. Şeýle-de bolsa, bu seýrek hadysa ALMA (Atacama Large Millimeter/submillimeter Array) obserwatoriýasynyň sosial ulgamlarynda paýlaşylan wideolarynda görkezildi...

20.06.2025 22:51
4.6k+

16 mlrd login we parol internete syzdyryldy. Bu taryhda iň uly syzyş

Internete Google, Apple, Facebook akkauntlaryndan we dünýädäki beýleki meşhur platformalardan 16 milliard login we parol syzdy. Bu barada Forbes habar berip, muny taryhda iň uly maglumat syzmasy diýip atlandyrýar...

19.06.2025 09:56
8k+

Ispaniýada we Portugaliýada aprelde bolup geçen köpçülikleýin tok öçmäniň sebäbi belli boldy

Ispaniýanyň Ekologiýa we demografiýa ministrligi 28-nji aprelde tutuş Ispaniýany we goňşy Portugaliýany elektrik energiýasyz galdyran sebit derejesindäki blekauty (köpçülikleýin tok öçmek) derňemegiň netijelerini hödürledi...

18.06.2025 13:57
7.1k+

Indoneziýadaky wulkanyň kül sütüni 10 kilometr beýiklige ýetdi

Indoneziýada Lewotobi Laki-laki wulkany atylyp başlandy diýip, SindoNews neşiri habar berýär. Ýerli wulkanologiýa merkeziniň maglumatlaryna görä, kül sütüni dagyň çür depesinden 10 müň metre göterildi. Wulkana gözegçilik nokadynyň işgärleri ýerli ýaşaýjylara we syýahatçylara wulkanyň golaýynda bolmagyň howpludygyny duýdurdy...