Bloomberg Hytaýyň nebitiň bahasyny pese düşürmekçidigini anyklady

  • 18.07.2020 23:19
  • 4.1k+

Hytaý nebitiň dünýä bahasyny pese düşürmäge hyýallandy, bu bolsa bazarda meseleleriň ýüze çykmagyna getirdi diýip, Bloomberg agentligi habar berýär. Muny gazeta.ru ýetirýär.

Agentligiň maglumatlary boýunça, Hytaý ýazda fýuçersleriň birden pese düşmeginden peýdalandy we arzan nebitiň uly mukdaryny satyn aldy. Häzir, ýagny OPEK+ ýurtlary energiýa göterijileriň önümçiligini ýokarlandyrmaga taýýarlanýan wagtlary Şanhaý özüniň nebit saklanýan jaýyndan nebiti satyp başlady. 1 mln barrel töweregi, kada bolşy ýaly, energiýa göterijileri Ýakyn Gündogarda ýa-da Afrikada satyn alýan alyjylara iberildi. Agentligiň bellemegine görä, Hytaý nebiti sebitleýin üpjün etmegi meýilleşdirmedi. Şanhaýyň halkara energetika biržasy arkaly fýuçersler bilen söwdanyň işe girizilmegi ýuany ýaýratmak üçin gerekdi.
Dünýäde uly importçy tarapyndan nebitiň satuwy energiýa göterijilere islegiň dikelmeginiň gowşakdygyny görkezýär diýip, Bloomberg ýazýar.
Ýatlap geçsek, şu ýazda COVID-19 koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy sebäpli nebitiň sarp edijiligi ep-esli pese düşdi. Bu bolsa “gara altynyň” artykmaçlygyna getirdi. OPEK+ ministrligiň birleşen gözegçilik komiteti 15-nji iýulda onlaýn-duşuşygyny geçirdi we onda nebiti gazyp almagy azaltmak baradaky şertnamanyň ýerine ýetirilişini maslahatlaşdy. Karteliň ýurtlary awgustdan şertnamanyň täze tapgyryna geçmek barada karara geldiler, täze tapgyryň çäklerinde bu döwletleriň nebiti gazyp alyjylygy global azaltmagy iýul aýyndaky 9,6 milliona derek bir günde 7,7 mln barrele barabar bolar.

08.06.2026 19:01
4.6k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

13.03.2026 23:32
6.2k+

Türkmenistan «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisiniň dowamynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça çäreler hakyndaky Karara gol çekdi...

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...