BMG baý ýurtlary pandemiýa garşy göreş üçin serişde bölüp bermäge çagyrdy

  • 18.07.2020 17:31
  • 7.2k+

Dünýäniň baý ýurtlarynyň ýigrimiligine girýän döwletler pandemiýa bilen göreşe 10,3 milliard dollar bölüp bermeli. Bu 63 ýurtdaky meselelerden baş çykarmaga kömek eder diýip, BMG-niň ynsanperwer meseleleri boýunça baş kätibiniň orunbasary Mark Loukok belleýär. Bu barada ko.ru habar berýär.

Onuň aýtmagyna görä, köp sanly ösüp barýan ýurtlar kyn ýagdaýa düşdüler, ýylyň ahyryna çenli bolsa garyplygyň çäginde 265 million adam bolup biler. “Bu meseläni baý ýurtlaryň serişdeleriniň we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň we hökümeti däl guramalaryň, Gyzyl Haç guramasynyň hereketleriniň, BMG edaralarynyň agzalarynyň, halkara maliýe institutlaryň paýdarlarynyň täze pikirleriniň hasabyna çözmek bolar” – diýip, Loukok aýdýar.
BMG-niň wekili dünýäniň garyp ýurtlarynyň 10%-ine hemaýat etmek üçin 90 milliard dollaryň gerekdigini sözüniň üstüne goşdy. Bu olary ykdysadyýetde we saglygy goraýyş ulgamynda nobatdaky çökgünlikden halas etmäge ýeterlik bolar. Bu pul köp ýaly bolup biler diýip, Loukok belleýär, ýöne ol baý ýurtlaryň hususy ykdysadyýetini goldamak üçin girizen çäreler toplumynyň 1%-ini hem tutmaýar.
Umuman, BMG-niň baş kätibiniň orunbasary ösen ýurtlaryň hereketinden nägile boldy. “Baý ýurtlaryň hereketi häzire çenli barabar däldi we örän ätiýaçsyz boldy” – diýip, ol aýdýar.
“Eger-de biz häzir taýýarlyk görüp başlamasak, onda adamzat betbagtçylygynyň bitewi tapgyry bilen çaknyşarys”.
Sözüniň soňunda Loukok 12-nji iýula çenli pandemiýa bilen göreşe bary-ýogy 1,6 milliard dollar bölüp berendiklerini belledi.
Täze görnüşli koronawirus pandemiýasy bilen bagly ýitileşen beýleki meseleleriň arasynda Loukok bilime elýeterliligiň çäklidigini hem-de bosgunlaryň sanynyň artmagyny atlandyrdy.

düýn 14:57
4.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....