Maskyň, Geýtsiň we Bezosyň akkauntlary döwlenden soň, Twitteriň paýnamalary pese gaçdy

  • 17.07.2020 10:49
  • 8.1k+

Twitteriň paýnamalary SpaceX kompaniýasynyň ýolbaşçysy Ilon Maskyň, Microsofty esaslandyryjy Bill Geýtsiň we Amazon kompaniýasynyň baş müdiri Jeff Bezosyň jemgyýetçilik torundaky akkauntlaryna döwlüp girilenden soň pese gaçdy. Gymmatly kagyzlar bäş göterimden gowrak arzanlady, muny söwda maglumatlary delillendirýär. Bu barada lenta.ru habar berýär.

Söwdanyň dowamynda paýnamalaryň bahasy olaryň her biriniň 33,8 dollara çenli peselmegine getirdi. Bill Geýtsiň, Ilon Maskyň, Barak Obamanyň, Jeff Bezosyň, Maýkl Blumbergiň, repçi Kanýe Uestiň we beýleki müňlerçe ulanyjynyň akkauntlaryna döwüp girme 16-njy iýula geçilýän gijede bolup geçdi. Jenaýatçylar olaryň adyndan ulanyjylara habar iberdiler we belli bir gapjyga bitkoinleri ibermegi teklip etdiler hem-de deregine puly iki esse gaýtaryp bermäge wada berdiler. Profillerde puly bitkoin-hasaba geçirmegi haýyş edýän birmeňzeş ýazgylar peýda boldy. Habarlar dessine aýrylýardy, ýöne Twitteri ulanyjylar serişdeleri aldawçylaryň gapjygyna ibermäge ýetişipdiler. Şeýle hadysanyň jemgyýetçilik torunyň işgärlerinden biriniň gatnaşmagynda bolup geçendigi anyklanyldy.
Häzirki wagtda derňew işi alnyp barylýar. Aldawçylaryň bitkoinde $100 müň töweregi gazanyp ýetişendikleri hem anyklanyldy. Twitter jemgyýetçilik tory akkauntlaryň bir bölegi üçin habar ýazmak we paroly açmak mümkinçiligini wagtlaýyn öçürdi. Akkauntlara döwüp girme hadysasy jemgyýetçilik torunyň taryhynda Twitteriň ulanyjylaryna kiberhüjümiň iň uly täsiri boldy. Meşhur akkauntlaryň birinji köpçülikleýin döwülmesi 2009-njy ýylda bolup geçdi, şonda ABŞ-nyň şol wagtky prezidenti Barak Obama hem Twittere hüjümiň pidasy boldy. Donald Trampyň akkaunty 2015-nji ýylda, onuň ABŞ-nyň prezidenti edilip saýlanmazyndan öň döwüldi.

düýn 11:35
3.9k+

ESA kosmosdan Ortaýer deňziniň näderejede gyzýandygyny görkezdi

Ýewropadaky aşa yssy howa hatda kosmosdan hem aýdyň görünýär. Ýewropa kosmos agentligi (ESA) Ortaýer deňzi sebitindäki gury ýerleriň we suwuň üstki temperaturasynyň ýokarlanýandygyny görkezýän emeli hemra suratyny çap etdi...

08.07.2025 20:12
6.8k+

Indoneziýadaky Lewotobi Laki Laki wulkany 18 km beýiklikde kül zyňdy

Indoneziýanyň Flores adasynda Lewotobi Laki Laki wulkanynyň güýçli atylmasy bolup geçdi. Asmana 18 km beýiklikdäki kül sütüni göterildi diýip, ýerli häkimiýetlere salgylanyp, CNA habar berýär. Indoneziýanyň wulkanologiýa agentliginiň maglumatlaryna görä, wulkan gaty sesli partlamalar bilen atyldy...

08.07.2025 10:25
4.4k+

Dünýäde CO₂ zyňyndylary rekord derejede 40,8 milliard tonna ýetdi

Geçen ýyl dünýäde kömürturşy gazynyň zyňyndylary CO₂ ekwiwalentinde 40,8 milliard tonna ýetdi. Bu barada Energetika instituty (EI) tarapyndan neşir edilen “2025-nji ýylda dünýä energetikasynyň san maglumatyna syn” atly täze hasabatda aýdylýar...

07.07.2025 13:30
8k+

Orbitadan bulutlaryň üstünde seýrek ýyldyrym surata alyndy

NASA-nyň zenan astronawty Nikol Aýers Halkara kosmos stansiýasynyň bortundan ýyldyrymyň seýrek görnüşini – spraýty surata aldy. Surat stansiýa Meksika bilen ABŞ-nyň üstünden uçup geçen wagty düşürildi. Aýersiň aýtmagyna görä, şeýle surat alymlara spraýtlaryň tebigatyna, olaryň aýratynlyklaryna we tupan bilen baglanyşygyna has gowy düşünmäge kömek edýär...