Futbol boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek gyşda geçiriler

Futbol boýunça dünýä çempionaty ilkinji gezek gyşda geçiriler

Dünýädäki iň meşhur sport ýaryşynyň geçiriljek takyk senesi Halkara futbol federasiýasy tarapyndan yglan edildi. 2022-nji ýylda Katarda geçiriljek FIFA dünýä çempionatynyň seneleri belli boldy. Bu barada FIFA-nyň resmi web sahypasyna salgylanyp, sputnik.by habar berýär.

Habar berlişine görä, bütindünýä futbol baýramçylygy 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda 60 müň adamlyk “Al-Baýt” stadionynda ýerli wagt bilen 13:00-da ýaryşa başlanar. Ýaryş Kataryň milli ýygyndysynyň oýny bilen açylar.
Toparlaýyn oýunlar ýerli wagt bilen 13:00, 16:00, 19:00 we 22:00-da başlar. Mundan başga-da, toparçanyň üçünji tapgyrynda şol bir dörtlükdäki oýunlar, adat bolşy ýaly, şol bir wagtda başlar. "Halifa" halkara stadiony 17-nji dekabrda üçünji ýer ugrundaky göreşiň geçiriljek ýeri bolar. Final duşuşygy bolsa ertesi gün 80 000 tomaşaça niýetlenen “Lusail” stadionynda başlar.
Ähli toparlara oýunlaryň arasynda dynç almak üçin amatly wagtynyň bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, toparlaýyn tapgyr 12 gün dowam eder. Ýaryş desgalarynyň ykjam ýerleşişi we meýdançalaryň arasynda howa syýahatynyň zerurlygy guramaçylara janköýerleriň, toparlaryň we metbugatyň peýdasy we rahatlygy üçin aýratyn oýun talaplaryny optimizirlemäge mümkinçilik berer.
Ýaryşyň peteklerini öňünden sargamak 2020-nji ýylyň ahyrynda başlar. Futbol boýunça dünýä çempionatynyň soňky bije çekilişigi 2022-nji ýylyň mart aýynda bolar.