Türkmenistanyň serhetýaka etraplaryna awiasiýa arkaly zyýansyzlandyryjylar sepilýär

  • 15.07.2020 18:56
  • 35k+

Ýeňil motorly An-2 uçarlary Balkan sebitiniň serhetýaka etraplarynda we Türkmenbaşy we Balkanabat şäherlerinde howadan zyýansyzlandyryjy serişde sepýärler diýip, ORIENT habar berýär.

Sepmek işi iki dürli belentlikde amala aşyrylýar. Birinji belentlik - 20 metr. Beýle belentlikde uçarlar köp ilatly ýerlerde daş-töweregi we gara ýollary zyýansyzlandyrmak üçin hlor ergini bilen aerozol garyndysynyň yzyny galdyryp uçýarlar.
Ikinji belentlik - 50-60 metr. Biplanlar bu belentlikde howadaky patogenleri ýok etmek üçin zyýansyzlandyryjy serişde sepýärler.
Instruktor-uçarmanlarynyň biri, ähli işleriň alymlaryň maslahatlaryna we adam saglygy we daşky gurşaw üçin zyýansyzlandyryjy serişdeleri ulanmagyň howpsuzlyk talaplaryna berk esaslanýandygyny aýtdy. Türkmenistanyň Raýat awiasiýasy administrasiýasy tarapyndan tassyklanylyşy ýaly, oba hojalygynyň uçarlaryny ulanmak bilen şuňa meňzeş zyýansylandyryş çäreleri ýurduň beýleki sebitlerinde - Mary we Lebap welaýatlarynyň serhetýaka sebitlerinde geçirildi we bu ýene-de dowam etdiriler.
Kiçijik uçarlardan başga-da, zyýansyzlandyryş enjamlary bolan ýolsuz ýerlerden geçip bilýän ulaglar ýerli zyýansyzlandyryş işlerine gatnaşýarlar.
Mälim bolşy ýaly, alymlar bakteriýalaryň we wiruslaryň tozan bilen uzak aralyklara ýaýrap biljekdigini ýüze çykardylar. Patogenler howadaky ownuk, has ýeňil organiki bölejiklere ýapyşýarlar, bu bolsa olara atmosferada has uzak galmaga mümkinçilik berýär. Diýmek, kiçi uçarlaryň kömegi bilen howadan mümkin bolan wiruslary ýok etmek adam ömrüni we saglygyny howpdan goramak boýunça iňňän esasly çäredir.

22.12.2025 14:55
9k+

Arktikada howanyň temperaturasy rekord dereje gyzdy - NOAA

2024-nji ýylyň oktýabryndan 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli bolan döwürde Arktikada howanyň temperaturasy 1900-nji ýyldan bäri geçirilen gözegçilikleriň taryhynda iň ýokary derejä ýetdi. Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary müdirligi (NOAA) habar berdi...

22.12.2025 13:53
4.8k+

Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar

Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler...

18.12.2025 11:45
11k+

Türkiýäniň Mermer deňziniň suwy gysga wagtyň içinde kenardan 20 metr çekildi

Türkiýäniň Tekirdag welaýatynyň Marmaraereglisi şäheriniň ýaşaýjylary Mermer deňziniň suwunyň kenarýakadan birden 20 metr çekilendigi barada habar berdiler. Netijede, 16-njy dekabrda kenarýakada çäge adajyklary emele geldi diýip, Haberturk teleýaýlymy habar berýär...

17.12.2025 09:17
10k+

Braziliýada tupan wagty Azatlyk heýkeliniň birnäçe metrlik nusgasy ýykyldy

Braziliýanyň Guaýba şäherinde (Riu-Grandi-du-Sul ştaty) Havan uniwermagynyň öňünde oturdylan Azatlyk heýkeliniň 35 metrlik nusgasy ýykyldy. Waka 15-nji dekabrda güýçli tupan wagty bolup geçdi. G1 neşiriniň şäher häkimi Marselo Maranata salgylanyp habar bermegine görä, ýadygärligiň 24 metrlik ýokarky bölegi ýumruldy...