Kaliforniýa koronawirus sebäpli karantin çärelerini güýçlendirdi

  • 14.07.2020 23:58
  • 12k+

Her günde uly möçberde SARS-CoV-2 koronawirus bilen kesellemegiň täze ýagdaýynyň ýüze çykarylýan ýeri bolan Kaliforniýanyň gubernatory ýokanjyň ýaýrawynyň öňüni almak boýunça çäreleri ýene-de güýçlendirýär.
Esasanam, ştatyň territoriýasynda ybadathanalara, barlara, restoranlara, kinoteatrlara, muzeýlere we haýwanat baglaryna barmaklyk gadagan edilýär. Şeýle-de, sport zallary hem-de dellekhanalar ýapylar. Bu barada sebitiň ýolbaşçysy Gewin Nýusoma salgylanmak bilen TASS habar berýär. Muny rg.ru ýetirýär.

Ýagdaýlar Arizonda, Floridada hem-de Tehasda-da oňyn däl. Ol ýerde ýerli hökümetler öň başlanan sanitar çäklendirmeleri gowşatmak boýunça hereketi sakladylar. Diňe başlangyç tapgyrda ABŞ-da pandemiýanyň merkezi bolan Nýu-Ýork ştaty bu ýagdaýdan biraz daşarda. Ol ýerde birnäçe aýyň içinde birinji gezek bir gije-gündizde ýekeje-de ölüm ýagdaýy bolmady. Ýöne Kaliforniýada bolsa eýýäm ýedinji gün yzygider bir günde ortaça 8,5 müň täze keselli bellige alynýar.
Şol bir wagtda Amerikada keselleme hadysasynyň täze ösüşi mekdep meselesi boýunça çekişmeleri güýçlendirýär. Los-Anjelesiň we San-Diegonyň mekdep okruglary sentýabrda okuwçylar üçin gapylaryny açmajakdyklaryny birinji bolup habar berdiler. Nýu-Ýork ştatynyň gubernatory Endrýu Kuomo mekdep boýunça karar kabul ediler ýaly formula hödürledi, ýagny mekdepleri eger-de olaryň ýerleşýän etrabynda keselleme hadysasynyň ortaça derejesi iki hepdäniň içinde 5 göterimden ýokary geçmese açarlar. Birnäçe okruglar bilimiň garyşyk ulgamyny peýdalanmak mümkinçiligini gözden geçirýärler. Meselem, Sietlde çagalar synp otaglarynda hepdede bir ýa-da iki gezek meşgullanarlar, galan wagtlary öýden.
Prezident Donald Tramp okuw işini 1-nji sentýabrdan dikeltmegi talap edýär. Ol hem-de bilim ministri Betsi Dewos muny etmedik okuw jaýlaryny federal maliýeleşdirilmesinden aýyrjakdyklary bilen gorkuzdylar.

06.12.2025 09:48
1.7k+

Cloudflare ýene hatardan çykdy – hatda Downdetector işlemedi

Dünýäde köp sanly internet serwisleriniň işini üpjün edýän Cloudflare kompaniýasynyň işinde uly bökdençlik ýüze çykdy. Bu hem onlarça saýtlaryň we programmalaryň işine zyýan ýetirdi diýip, The Economic Times habar berýär...

05.12.2025 18:06
12k+

Malaýziýa 11 ýyl mundan ozal ýiten Boeing uçarynyň gözlegine gaýtadan başlaýar

Malaýziýanyň hökümeti 11 ýyldan gowrak ozal ýiten Malaysia Airlines uçaryny gözlemek işini gaýtadan dikeltmek kararyna geldi. Gözleg işleri şu ýylyň 30-njy dekabrynda başlar. Bu barada ýurduň Ulag ministrligine salgylanyp, The Guardian neşiri habar berýär...

03.12.2025 10:07
10k+

Serdar Berdimuhamedow Şri-Lankanyň Prezidentine tebigy betbagtçylyk zerarly gynanç bildirdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti Anura Kumara Dissanaýakä ýurtda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi...

03.12.2025 09:20
10k+

Dekabrda Ýeriň ýaşaýjylary Superaýy, Ýupiteriň hemralaryny we sagatda 150-ä golaý meteory görüp biler

Ýeriň ýaşaýjylary dekabryň başynda birnäçe täsin astronomik hadysalara: Superaýa, Geminid meteor akymyna we Ýupiteriň iň uly hemralaryna syn edip biler. Bu barada UrFU okuw astronomiýa obserwatoriýasynyň inženeri Wladilen Sanakoýewe salgylanyp, TASS habar berýär...