Şu gün Gazagystanda koronawirusdan ýogalanlara matam tutulýar

  • 13.07.2020 12:36
  • 17k+

Şu gün Gazagystanda koronawirus pandemiýasynyň pidasy bolan raýatlary ýatlamagyň Umumymilli matam güni, bu barada “Kazinform” halkara habarlar gullugyna salgylanmak bilen Trend habar berýär.

Umumymilli matam gününde, şu gün Nur-Soltanyň wagty boýunça sagat 12:00-da tutuş ýurt boýunça bir minut dymyşlyk yglan ediler. 2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Gazagystanyň raýatlaryna tele-ýüzlenme arkaly çykyş etmek bilen Prezident Kasym-Jomart Tokaýew 13-nji iýuly koronawirus pandemiýasynyň pidasy bolan raýatlary ýatlamagyň Gazagystan Respublikasynda Umumymilli matam güni diýip yglan etmek barada özüniň gelen netijesini habar berdi. Degişli karara 9-njy iýulda Döwlet ýolbaşçysy tarapyndan gol çekildi.
“Gynansak-da, kesel gazagystanlylaryň janyny almagyny dowam etdirýär. Resmi maglumatlarda ýüzlerçe maşgalanyň betbagtçylygy ýatyr. Kimdir biri kakasyny, ejesini, erkek doganyny, gyz doganyny, ogluny we gyzyny ýitirdi. Men ýogalanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna öz gynanjymy bildirýärin. Bu biziň hemmämiz üçin betbagtçylyk. Şonuň üçin, men tarapyndan 13-nji iýuly pandemiýanyň pidasy bolan gazagystanlylary ýatlamagyň Umumymilli matam güni diýip yglan etmek kabul edildi. Men biziň her birimiziň bu günde nirede bolsa-da gidenleriň hatyrasyny tutjakdygyna ynanýaryn” – diýip, K.Tokaýew özüniň ýüzlenmesinde aýtdy.
Umumymilli matam gününde güýmenje çäreleri we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gepleşikleriň berilmegi ýatyrylýar. Tutuş ýurt boýunça, şeýle-de diplomatik wekilçilikleriň binalarynda matam güni döwlet baýdaklary aşak düşürilýär. Umumymilli matam, döwlet işgärleri we milli gahrymanlar ýogalanda ýa-da jaýlananda, şeýle-de köp sanly adam pidalaryna getirýän tebigy betbagtçylyklar, heläkçilikler, uruş bilen bagly hadysalar bilen baglylykda yglan edilýär. Gazagystan Respublikasynyň “Gazagystan Respublikasynyň döwlet nyşanlary barada” Konstitusion kanunyna laýyklykda, baýdaklary ähli döwlet we administratiw binalarynda matamyň tutulýan möhletiniň içinde baýdak sapynyň beýikliginden ýarysyna çenli düşürmeli.
Ýatlap geçsek, koronawirus ýokanjynyň birinji ýagdaýy Gazagystanda şu ýylyň 13-nji martynda, Germaniýadan gelen iki raýat COVID-19 üçin geçirilen barlagda položitel netijäni berenlerinde bellige alyndy. 26-njy martda bolsa Gazagystanda koronawirusdan birinji ölüm barada habar alyndy, şonda 64 ýaşly aýal ýogaldy.

düýn 21:05
6.1k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....

17.05.2026 23:10
8.9k+

Hindistan we Pakistan görlüp-eşidilmedik aşa yssy howa şertleri bilen ýüzbe-ýüz boldy

Pakistanda we Hindistanda howanyň temperaturasy +46°C-ä çenli ýetýän we uzak wagtlap dowam edýän aşa yssylyk hasaba alynýar diýip, Zakon.kz neşiri ýazýar....

15.05.2026 11:17
8.3k+

Ýaza ýaraşmajak ýagdaý: Hindistanyň Uttar-Pradeş ştatynda adatdan daşary güýçli harasat boldy

13-nji maýda agşamara Hindistanyň demirgazygyndaky Uttar-Pradeş ştatynda örän güýçli harasat turdy. Tebigy apatyň netijesinde azyndan 111 adam pida boldy we 72 adam dürli şikesleri aldy. Harasat güýçli ýagyş,......

11.05.2026 11:37
4.7k+

El-Ninýo sebäpli Dünýä ummanynyň temperaturasy taryhy rekorda golaýlaýar

Howa şertleri El-Ninýo tebigy hadysasynyň işjeň fazasyna geçýärkä, dünýä ummanlary täze temperatura rekordlaryny goýmagyň bosagasynda dur....