Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri koronawirusa garşy göreş meselesini maslahatlaşdy

  • 10.07.2020 12:01
  • 18k+

Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary işler ministrleri Raşid Meredow hem-de Muhtar Tleuberdi pandemiýa garşy ählumumy göreşi alyp barmagyň maksatlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy maslahatlaşdylar.

Söhbetdeşler söwda, ykdysady, tranzit we ulag, serhet we medeni-gumanitar ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmegi bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler iki ýurduň ähli ugurlardaky hyzmatdaşlygy güýçlendirmek islegini beýan etdiler. Şunuň bilen baglylykda, Daşary işler ministrleri sebitleýin we halkara häsiýetli esasy meselelerde Türkmenistanyň we Gazagystanyň pozisiýalarynyň we bähbitleriniň ýakyndygyny bellediler.

Mundan başga-da, Raşid Meredow we Muhtar Tleuberdi halkara arenada, şol sanda BMG we BSGG ýaly abraýly iri halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şu nukdaýnazardan, diplomatlar global epidemiýa meselesine degip geçdiler we koronawirusyň Türkmenistanyň we Gazagystanyň sosial-ykdysady ösüşine ýaramaz täsirine garşy göreşmek üçin görülýän çäreler barada iki taraplaýyn maglumat alyşdylar. Ministrler pandemiýa garşy ählumumy göreşi alyp barmak maksatlarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we berkidilmegine gönükdirilen işjeň gatnaşyklaryň derwaýyslygyny hem nygtadylar.

Ýeri gelende belläp geçsek, 9-njy iýulda Gazagystanda koronawirus bilen kesellänleriň 53,021 sanysy ýüze çykardy, şolardan 35137 adam eýýäm bejerildi we 5-19-njy iýul aralygynda ýurtda ýene karantin çäreleri girizildi. Gazagystanyň lideriniň 13-nji iýulda koronawirus ýokançlygyndan aradan çykanlar üçin ýas güni diýip yglan edendigini bellemek gerek.

Mundan başga-da, 6-njy iýulda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hünärmenleriniň koronawirusyň aralaşmagyna garşy durmak boýunça ýakyndan ýardam bermek üçin Türkmenistana gelendigini ýatladýarys.

25.06.2026 12:37
7.1k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

24.06.2026 18:53
12k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

24.06.2026 09:31
6.6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.5k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....