Toýota Corolla-nyň täze krossoweri tanyşdyryldy

  • 09.07.2020 23:14
  • 14k+

“Toyota” kompaniýasy täze “Toyota Corolla Cross” krossowerini resmi taýdan tanyşdyrdy. Dabara Taýlandda geçirildi. Bu ýurduň öz bähbidi, ýagny ýapon krossoweriniň ilki bilen ýerli bazara çykarylmagy bilen baglanyşykly. Toyota Corolla-nyň satuw geografiýasynyň kem-kemden giňemegine garaşylýar. Bu barada naavtotrasse.ru habar berýär.
Täze ýapon modeliniň tehniki aýratynlyklary-da mälim edildi. “Toyota Corolla Cross”-yň uzynlygy 2700 mm tiger binýady bilen bilelikde 4460 mm bolar. Şeýle-de bolsa, beýleki çeşmelere görä, bu modeliň ölçegleri has sada bolar. Bu bolsa öz gezeginde onuň “Nissan Kicks” we “Honda HR-V” bilen bäsleşjekdigini aňladýar.
Krossoweriň adaty sedanyň esasynda guruljakdygyna garamazdan, awtoulaglar tehniki enjamlaşdyrylyşy boýunça öz aralarynda tapawutlanarlar. Öndüriji “Corolla Cross” üçin esasy enjam hökmünde 1.8 litrlik «atmosferaly» hereketlendirijini niýetläpdir. Onuň 142 at güýjüne çenli kuwwaty bar. Awtoulagyň has gymmat wersiýalarynda ýapon krossoweriniň kapodynyň astynda kuwwaty 177 at güýjüne çenli ýetip bilýän 2 litrlik «atmosferaly» hereketlendiriji hem ýerleşdiriler. Modeliň saýlama wersiýalarynda Corolla Cross şol 1.8 litrlik «atmosferaly» hereketlendirijä esaslanýan gibrid gurluşa eýe bolar. Şol bir wagtyň özünde onuň iň ýokary kuwwaty 122 at güýji bilen çäklener.
Täze krossower sedanyň bortundaky enjamlaryň hemmesini-de alar. Bu, “Corolla Cross”-yň 9 dýuýmlyk duýgur ekranly planşeti, yzky kamerany, kondisioner ulgamyny, LED yşyklandyryşyny we sürüji üçin birnäçe “kömekçileri” aljakdygyny aňladýar.
Täze krossower şu ýylyň ahyrynda Taýland bazaryna çykar. Soň bolsa awtoulagyň satuwy Braziliýada başlar. “Corolla Cross”-yň ýene haýsy ýurtlarda peýda boljakdygy bolsa häzirlikçe belli däl.

düýn 16:47
1.9k+

Iri awtoöndürijiler köpçülikleýin elektromobillere geçmekden saklanýarlar

Dünýäniň azyndan 12 sany iri awtomobil öndürijisi elektromobil çykarmak baradaky meýilnamalaryna täzeden seretdiler. Olaryň bu babatdaky maksatnamasyny gysgaldanlary-da, ondan doly ýüz öwrenleri-de bar diýip,......

düýn 14:15
2k+

Üç tigirli Formula-1-iň stilindäki sport awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmak üçin taýýarlanýar

Amerikanyň Ryn Motors kompaniýasy “Formula 1” awtoulaglarynyň stilinde dizaýn edilen FP3 sport ulagyny işläp düzýär. Awtoulagy jemgyýetçilik ýollarynda ulanmaga rugsat bermek meýilleşdirilýär....

31.03.2026 22:22
4.2k+

Hyundai geljekki täze önüminiň geň tizerini görkezdi: onda daş howada gaýyp dur

Hyundai kompaniýasy «uly bir zadyň gelýändigini» habar berýän tizer suratlaryny çap etdi, bu bolsa ähtimal täze modeliň ýakyn wagtda boljak tanyşdyrylyşyna yşarat edýär. Suratlaryň özünde awtoulag ýok — diňe......

31.03.2026 09:18
4.1k+

Toyota oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli ýarym milliondan gowrak ulagyny yzyna çagyrýar

Toyota kompaniýasy yzky oturgyçlaryndaky kemçilik sebäpli Hytaýda ýarym milliondan gowrak awtoulagyny yzyna çagyrýandygyny yglan etdi. Bu barada Hytaýyň kadalaşdyryjy edarasyna salgylanyp, Reuters agentligi......