Her bäşinji nemes kompaniýasy koronawirus sebäpli batyp biler

  • 07.07.2020 23:57
  • 4k+

GFR-nyň her bäşinji kompaniýasy COVID-19 sebäpli batyp galmakdan howatyrlanýarlar. Bu barada Reuters agentligi Ykdysady barlaglaryň institutynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen habar berýär. Muny regnum.ru ýetirýär.
“Ýakyn aýlarda biz dargama tolkunynyň şaýady bolarys” – diýip, derňew işini alyp baryjy Ştefan Zauer aýdýar.

Şeýle ýagdaýlar esasan, hyzmatlar gullugynda ýüze çykar, bu pudagyň kompaniýalarynyň 27%-i pandemiýa bilen baglylykda ynjalyga galýarlar. Söwdada hereket etmegiň howply bolup biljekdigi barada firmalaryň 18%-i, senagatda 17%-i, gurluşykda – kompaniýalaryň diňe 2%-i habar berdi.
Institutyň hasaplamasy boýunça, syýahatçylyk edaralary (85%-i batmaklyk howpundan howatyrlanýarlar) we myhmanhana biznesleri (76%), şeýle-de restoranlar (67%) kyn ýagdaýa düşüp bilerler. Mundan başga-da, artistleriň, sazandalaryň we suratkeşleriň 55%-i, şeýle-de kruiz kompaniýalarynyň 50%-i we kinoönümçilik bilen bagly firmalaryň 48%-i pandemiýa bilen baglylykda özleriniň hereket etmesinden howatyrlanýarlar.
Ýatlap geçsek, nemes ykdysadyýetçileri nemes biznesine ýeten urgudan Germaniýa 2021-nji ýyldan ir dikelip bilmez diýip pikir edýärler. GFR-nyň söwda-senagat palatasynyň federal birleşiginiň maglumatlary boýunça, firmalaryň 77%-i söwda dolanyşygynyň peselmegine garaşýar, kompaniýalaryň diňe 17%-i koronawirus bilen göreş boýunça berk çäreleriň girizilmeginden öňki derejesine dolandylar.

düýn 11:29
3.9k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

düýn 11:16
797

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

düýn 09:59
968

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.1k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......