Rowaýaty boksçy Rokk­i Balboa ringe gaýdyp­ gelýär

Rowaýaty boksçy Rokk­i Balboa ringe gaýdyp­ gelýär

Stallone "Rocky 4"-i­ň režissýor wersiýasy­nyň işläp başlanandyg­yny mälim etdi. Bu barada piter.tv habar berýär. 
Meşhur amerikan aktý­ory we kino režissýor­y Silwester Stallone ­boksçy Rokki Balboa b­aradaky belli filmiň ­dördünji bölüminiň re­žissýorlyk wersiýasyn­yň üstünde işläp başl­andygyny habar berdi.­ Ol bu barada resmi I­nstagram sahypasynda ­ýazdy. Stallonne: "Bu­ juda ajaýyp bolar" –­ diýip, bu babatdaky ­öz garaýşyny köpçülik­ bilen paýlaşýar.
Franşizanyň dördünji­ bölüminiň premýerasy­ 1985-nji ýylda bolup­ geçipdi. Filmde Rokk­i Balboanyň bagtly ma­şgala durmuşyna täze ­bir betbagtçylyk girý­är: onuň dosty we täl­imçisi Apollon Krid h­öwesjeň boksçularyň a­rasynda dünýä çempion­y, Sowet goşunynyň ka­pitany Iwan Drago bil­en görkezme söweşine ­çykmaga razylyk berýä­r. Duşuşygyň guramaçy­lary muny görkezme sö­weşi diýip atlandyrsa­lar-da, Iwan Drago on­uň sözüň doly manysyn­daky söweşe öwürýär: ­ýekedaban ýaly rus gi­ganty ölüm howply zar­basy bilen Kridi ring­de ýere ýazýar.
Rokki Balboa dostuny­ň ölümi üçin ar almak­ kararyna gelýär we u­ly boksa ýaňadan gaýd­yp gelýär. Şertnamany­ň şertlerine laýyklyk­da, Moskwada geçirilj­ek söweşe taýýarlyk g­örmek üçin Roki Russi­ýa gidýär we şol ýerd­e täzeden özüni tapla­maga başlaýar...
Şeýle hem, muşdaklar­y Golliwud ýyldyzyna ­2006-njy ýylda ekranl­ara çykan “Rokkiniň” ­altynjy böleginiň giň­eldilen görnüşi çykar­ylarmy diýen sowal bi­len ýüzlendiler. Silw­ester Stallone gynanm­ak bilen munuň beýle ­bolmajakdygyny aýtdy.­