El hereketini «terjime edýän» «akylly» ellik döredildi

  • 06.07.2020 06:56
  • 6.1k+

Kaliforniýa uniwersitetiniň alymlary el hereketini adaty sözleýiş diline terjime etmäge ukyply "akylly" ellik döretdiler. “Newsroom”-yň habaryna görä, bu täze enjam lal-güň adamlara has aňsat aragatnaşyk gurmaga mümkinçilik berer. Bu barada ren.tv habar berýär.
Prototip enjam her barmagyň ugry boýunça uzaýan bäş sany çeýe datçik bilen enjamlaşdyrylandyr. Daşarda ýerleşýän tegelek tagta signallary alýar we ulanyjynyň telefonyna ugradýar. El hereketleri şol wagtyň özünde tanalýar we terjime ýörite programmada görkezilýär.
Ulgamyň yşaratlary tanap, sekuntda bir söz tizliginde tekste öwürýändigi bellenilýär. Amerikan el hereketleriniň dilinde ol, takmynan, 99 göterim takyklykda 660 yşaraty tanap bilýär.
Enjam geljekde kerlere yşarat dilinde gürlemeýän adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga kömek eder, şeýle hem dilüsti däl aragatnaşyk usulyny öwretmek üçin ulanylyp bilner.

şu gün 11:01
4.6k+

Baýramdurdy Nurmuhammedow Dubaýda geçirilen boks boýunça dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy

Baýramdurdy Nurmuhammedow 71 kilograma çenli agram derejesinde boks boýunça dünýä çempionatynda Türkmenistana bürünç medal getirdi. Dubaýda geçirilen bu ýaryş dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemläp, Halkara boks assosiasiýasynyň (IBA) howandarlygynda möwsümiň esasy wakalarynyň birine öwrüldi...

şu gün 10:31
6.8k+

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Bitaraplygyň ýubileý medaly bilen sylaglady

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşanlar toplumy bilen sylaglamak hakynda Permana gol çekdi...

şu gün 10:23
4k+

Türkmenistanda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklary ýakyldy

15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Baş arça Aşgabadyň gözel künjekleriniň biri bolan “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada oturdyldy. Aýazbabadyr...

şu gün 09:53
3.9k+

KHBS: FIFA Argentinany 2026-njy ýylyň dünýa çempionatyndan çetleşdirip biler

Argentinanyň milli futbol ýygyndysy 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylyp bilner. Bolup biljek sanksiýanyň sebäbi Argentinanyň futbol assosiasiýasynyň (AFA) ýolbaşçylygy bilen baglylykda alnyp barylýan korrupsiýa garşy derňew işleri boldy diýip, ýerli La Nacion neşiri habar berýär...