Hytaýda 80 tonnadan gowrak altyn galp bolup çykdy

  • 04.07.2020 23:11
  • 15k+

Hytaýyň Wuhan Kingold Jewelry altyn gaýtadan işleýän kompaniýasynyň jemi agramy 83 tonna bolan altyny galp bolup çykdy diýip, Kaixin habar gullugy habar berýär, diýip Trend belleýär.
Habara görä, altyndyr öýdülen tokgalar mis ergininden ýasalyp, üsti altyn bilen örtülipdir. Kompaniýa 20 milliard ýuan (2,8 milliard dollar) kredit alyp, bu "altyn tokgalaryny" bank üçin girew hökmünde goýupdyr.
83 tonna altynyň Hytaýda ýyllyk önümçiliginiň 22 göterimine we bu gymmat bahaly metalyň umumy gorunyň 4 göterimine deňdigi bellenilýär. Iýun aýynyň başynda karz berijiler Kingoldy suda berdiler we PICC Property and Casualty döwlet ätiýaçlandyryş kompaniýasyndan öwezini dolmagy talap etdiler.
Wuhan Kingold Jewelry Merkezi Hytaýda iň uly altyn gaýtadan işleýän kompaniýa hasaplanýar. Ozal zawod döwlete degişlidi we Hytaýyň Halk azat ediş goşuny general Jia Jihunyň gözegçilik etmeginde ýöredilýärdi. Ýöne 2002-nji ýyldan başlap, ol paýdarlar jemgyýetine öwrüldi.

düýn 14:57
4.6k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....