Rosawiasiýa halkara uçuşlara gadaganlygy 1-nji awgusta çenli uzaltdy

  • 03.07.2020 11:32
  • 8.3k+

Howa ýollary ulagynyň federal agentligi (Rosawiasiýa) daşary ýurtlaryň Russiýa gitmegine gadaganlygy 31-nji iýuly hem hasaba goşmak bilen şoňa çenli uzaltdy. Bu barada Domodedowoda we S7 awiakompaniýasynda habar berildi. Muny ria.ru ýetirýär.
Martyň ahyryndan bäri şeýle resminamalar her aý çykarylýar. Ýazda hökümet koronawirus pandemiýasy sebäpli yzygiderli halkara we hususy gatnawlary saklady, bu bolsa diňe bir girişiň däl-de, eýsem, ýurtdan çykyşyň hem gadagandygyny aňladýar. Bu diňe çykyş gatnawlaryna, şeýle-de ýük, poçta, sanitar we ynsanperwer gatnawlaryna, tehniki hyzmat üçin boş uçarlaryň gatnawyna, ýurduň territoriýasynda üstüni dolmak üçin (ekipažyň çalşyrylmagy) gonuş bilen tranzit uçuşlara we hökümetiň aýratyn karary boýunça uçuşlara degişli däl. Neşiriň söhbetdeşleriniň aýtmagyna görä, halkara aragatnaşygy açmak barada karara gelnende, Rosawiasiýa täze habar çykarar.
Belläp geçsek, 8-nji iýuna çenli raýatlara RF-dan çykmaga rugsat berilmedi. Soňra hökümet iş maksatlary bilen, ýarawsyz garyndaşlara seretmek üçin, bejergi ýa-da bilim almak üçin daşary ýurtlara çykmaga rugsat berdi.
Öň, ulag we aragatnaşyk ministri Ýewgeniý Ditrih ilkinji nobatda içki gatnawlaryň howpsuzlygyna göz ýetirmegiň gerekdigini we diňe şondan soň serhetleri açmalydygyny aýtdy. Iýunda Rosawiasiýanyň ýolbaşçysy Aleksandr Neradko hökümete daşary ýurtlara uçuşlary dikeltmek boýunça meýilnama hödürledi. Onuň pikiriçe, GDA döwletlerinden başlamak bolýar, soňra epidemiologik ýagdaýa baglylykda beýleki ýurtlary hem goşmak bolar. Häzirlikçe onuň öňe süren başlangyjy goldanma eýe bolmady.

düýn 14:57
4.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.1k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.8k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....