ABŞ gipersesli raketalary yzarlamak üçin hemra döreder

  • 19.05.2020 22:52
  • 2.6k+

ABŞ-nyň Space Development Agency (SDA) kosmiki önümler agentligi ýer orbitasynyň töwereginde atmosferada gipersesli raketalaryň hereketini yzarlamaga mümkinçilik berjek hemralar toplumyny ýerleşdirmekçi bolýar. Bu barada newdaynews.ru habar berýär. Birinji tapgyrda şeýle enjamlaryň sekiz sanysy gurlar. Çak edilişine görä, täze ulgamyň birinji hemralary orbita eýýäm 2022-nji ýylda çykarylar.
SDA-nyň tehniki jaýyna salgylansak, bu gözegçiligi alyp baryjy enjamlar gözýetimiň giň burçly kamerasy we ýüze çykarmak işiniň infragyzyl ulgamy bilen üpjün edilmeli. Hemralar özaralarynda baglanyşygy saklamaly we 2022-nji ýylda ýaýbaňlandyryljak öýjükli hemra torunyň enjamlary bilen maglumatlary alyş-çalyş etmeli.
Täze hemralar toplumy täze amerikan gorag ulgamynyň bir bölegi bolar. Hemralary orbita çykarmak boýunça meýilnamany durmuşa geçirmek işi 2024-nji ýyla meýilleşdirilen. Jemi 150 enjam goýberiler.
2018-nji ýylyň ahyrynda işläp düzmek we derňew geçirmek boýunça ABŞ-nyň goranmak ministriniň orunbasary Maýkl Griffin gipersesli raketalardan goranmagyň täze ulgamynyň radiolokasion ulgamynyň düýpli kämilleşdirilmegini, şeýle-de ulanyşa täze kosmiki hemralaryň girizilmegini talap edýändigini mälim etdi.

düýn 10:51
843

OpenAI özüniň ilkinji «Jalapeno» EA-çibini synagdan geçirip başlady

OpenAI kompaniýasy eýýäm öwredilen emeli aň modellerini işletmek üçin niýetlenen «Jalapeno» atly ýöriteleşdirilen çibiniň ilkinji nusgalarynyň taýýardygyny we ony synagdan geçirip başlandygyny mälim etdi.......

25.06.2026 11:01
4.1k+

Samsung «kerpiç» şekilli açylýan smartfona patent aldy

Samsung kompaniýasy eplenýän, çeýe we düýrlenýän displeý tehnologiýalaryny özünde jemleýän smartfon üçin patent aldy. Resminamalara görä, enjam ykjam korpusdan kiçiräk planşet ululygyndaky ekrana öwrülmäge......

24.06.2026 23:26
3k+

Meta ilkinji gezek öz brendi bilen «akylly» äýnekleri hödürledi

Meta kompaniýasy EssilorLuxottica (Ray-Ban, Oakley we beýleki brendleriň eýesi) bilen bilelikde döreden Meta Glasses «akylly» äýneklerini görkezdi. «Bloomberg» agentliginiň bellemegine görä, kompaniýa şeýle......

23.06.2026 18:51
6.1k+

Täze Honor X80 Pro Max smartfony çykyp-çykmanka Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

Honor kompaniýasy sygymy 11 000 mA/sag bolan akkumulýator bilen üpjün edilen X80 Pro Max smartfonyny resmi taýdan hödürledi. Şeýle uly göwrümli batareýasy sebäpli, gurluş entek çykyp ýetişmänkä «smartfonyň......