Türkmenistanda IP merkezlerini döretmek üçin 10 mln dollar serişde goýberildi

  • 10.02.2020 21:51
  • 6k+

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabatda we welaýatlarda IP merkezlerini gurmagyň taslamalaryny taýýarlamak işini goldamak üçin 10 million amerikan dollary möçberinde serişde berdi. Bu barada Ministrler Kabinetiniň 2019-njy ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen mejlisinde bellenildi.
Mejlisiň barşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezowy ulag we kommunikasiýa toplumynyň ýolbaşçysy wezipesine belläp, onuň bu ugurdan tejribeli hünärmendigini aýtdy.
Belläp geçsek, ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça uly işler geçirilýär. Bu wezipäni üstünlikli amala aşyrmak üçin, senagat toplumy ulag we aragatnaşyk toplumyndan aýryldy. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýerleriň gözegçilik edýän ulag we kommunikasiýa toplumy hem-de gurluşyk we senagat toplumy döredildi.
Döwlet Baştutany şeýle hem B.Öwezowa wise-premýer P.Agamyradow bilen bilelikde, Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin sanly ulgamy öwretmek boýunça ýörite okuwlara başlamagy hem-de ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde mugallymlaryň taýýarlanylyşyny güýçlendirmegi tabşyrdy.

11.11.2025 15:19
3.6k+

Kembrijde CO₂-ni peýdaly çig mala öwürýän “emeli ýaprak” döretdiler

Kembrij uniwersitetiniň alymlary Gün şöhlesiniň täsiri astynda kömürturşy gazyny (CO₂) we suwy peýdaly himiki maddalara öwrüp bilýän ýarym sintetik “emeli ýapragy” döredendiklerini habar berdiler. Bu enjam tebigy fotosinteziň iş prinsipini gaýtalaýar we zäherli katalizatorlary ulanmaýar, şonuň bilen hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar diýip, SciTechDaily ýazýar...

10.11.2025 13:10
5.2k+

Günorta koreýaly alymlar robotlar üçin çeýe we örän güýçli emeli myşsa döretdiler

Ulsandaky Milli Ylym we Tehnologiýa Institutynyň  (UNIST) alymlary robotlar üçin täze görnüşli emeli myşsa taýýarladylar. Bu material ynsan we haýwan myşsalaryndaky ýaly çeýeligi we berkligi özünde jemleýär. Hasaplamalara görä, eger adam şeýle myşsalara eýe bolsady, ol bir eli bilen pil saklap biljekdi...

09.11.2025 19:12
4.7k+

Ysmaz adam Neuralink-iň kömegi bilen daş-töweregi görüp başlady

Neuralink-iň hassasy Bred Smit görmekden mahrum bolmandy, ýöne amiotrofik gapdal sklerozy sebäpli ol kellesini hereket etdirip bilenokdy. Ýöne ol beýni implantyny ulanmagyň täze usulyny tapdy. Indi ol Neuralink-i ýörite berkidilen web-kamerany dolandyrmak üçin ulanýar...

05.11.2025 10:07
3.3k+

Hytaýly alymlar iýmitiň ajylygyny “duýup” bilýän emeli dil döretdi

Hytaýda alymlar iýmitleriň ajylygyny çalt we takyk ölçemäge ukyply emeli diliň prototipini taýýarladylar. Bu barada Phys.org habar berýär. Enjam kapsaisini — ajy burçuň, sarymsagyň, zenjebiliň we beýleki ajyly maddalaryň ýakýan tagamyny döredýän birleşmäni — hem-de şol topardaky beýleki maddalary anyklamaga mümkinçilik berýär...