«Barselona» Koutinýony € 80 mln-a satmaga taýýar

  • 08.02.2020 23:06
  • 3.1k+

«Barselona» ýarym goragçy Filippe Koutinýony satmak bilen bagly mümkinçilikleri gözden geçirýär. Bu barada «Mundo Deportivo» sport gazeti habar berýär.
Çeşmäniň maglumatlaryna görä, katalon klubynyň ýolbaşçylary futbolçynyň nyrhy € 100 mln-a ýetse, bazarda oňa isleg bildirjegiň bolmajakdygyna düşünýär. Koutinýonyň häzirki wagtda çykyş edýän Mýunhen «Bawariýasy» hawbeki «Barselonadan» satyn almagy we oýunça ýylda € 8 mln tölemegi meýilleşdirmeýär.
Muňa garamazdan, «Barselona» kluba € 80-90 mln möçberde teklip gelse, futbolçydan aýrylmaga razy. Ýöne Filippeniň häzirki ýagdaýyny göz öňünde tutsaň, muny etmek ýeňil düşmez.
Şu möwsümde Filippe Koutinýo Germaniýanyň çempionatynda 18 oýna gatnaşdy. Braziliýaly hawbek alty goly bilen tapawutlandy we Bundesligada pökgini alty gezek netijeli geçirmegi başardy.

şu gün 10:38
1.1k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

düýn 23:00
2.1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
3.3k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
3.1k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......