Disney+ “Tapmaça” animasion filminiň esasynda multserial taýýarlaýar

  • 23.06.2024 16:24
  • 2.6k+

Disney+ striming hyzmaty meşhur “Tapmaça” («Головоломка») animasion filminiň esasynda multserial çykarar. Bu barada Entertainment Weekly bilen söhbetdeşlikde Pixar-yň döredijilik müdiri we franşizany dörediji Pit Dokter habar berdi.

“Düýşler studiýasy” adyny alan täze serialyň önümçiligi eýýäm tamamlandy we geljek ýylyň ýazynda Disney+-da çykar. Serialyň wakasy “Tapmaçanyň” baş gahrymany Raýli Anderseniň kellesinde düýş döredýän “Düýşler studiýasynda” bolup geçýär.
“Tapmaça 2” 13-nji iýunda çykdy we dünýä prokatynda ilkinji uik-endde 295 mln dollar ýygnap, Disney-iň animasion taslamalarynyň arasynda rekord goýdy. Multfilmiň birinji bölümi 2015-nji ýylda çykdy. Ol Raýli atly okuwçy gyzyň kellesinde ýaşaýan duýgular: Şatlyk, Gussa, Gorky, Gahar we Ýigrenç barada gürrüň berýär.


düýn 17:22
3.4k+

96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi....

03.06.2026 23:15
3.3k+

Özbegistanda hususy teatrlar we kino önümçiligi salgytlardan boşadyldy

Özbegistanda kino pudagyny we döredijilik ulgamyny goldamagyň täze çäreleri durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda hususy teatrlara, kinematografiýa pudagyna hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýurduň çäginde......

03.06.2026 22:59
2k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 20:48
1.5k+

Şerlok Holmsuň älemindäki professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler

Artur Konan Doýluň kitaplaryndaky Şerlok Holmsyň äleminden ady belli duşman bolan professor Moriarti hakynda aýratyn serial düşüriler. Taslama klassiki gahrymanyň keşbiniň häzirki zaman äheňinde gaýtadan......