Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda daşary ýurtly aýdymçylaryň gatnaşmagynda birnäçe baýramçylyk konsertleri boldy.
Gyşky oýunlary sport toplumynyň sahnasyndaky saz marafonyny «Ýewrowideniýe-2009» bäsleşiginiň baýrakçysy (üçünji orun), eýran-şwesiýaly aýdymçy Araş açdy.
Aýdymçy özüniň meşhur «Boro Boro», «Broken Angel», «Pure Love» we «Temptation» ýaly hit aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Ol Türkmenistana ilkinji gezek takmynan 15 ýyl mundan ozal gelendigini ýatlap, türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň ýadynda gowy galandygyny belledi. Tomaşaçylar aýdymçyny gyzgyn goldadylar, konsertiň ahyrynda bolsa Araş Türkmenistana hökman ýene geljekdigine söz berdi.
Ertesi agşam şol bir sahnada russiýaly aýdymçy, köpler tarapyndan Mot lakamy bilen tanalýan Matweý Melnikow çykyş etdi.
Sazanda Türkmenistana ilkinji gezek gelendigini we mähirli kabul edilendigi üçin örän täsirlendigini aýtdy. Diňleýjiler onuň «Awgust – eto ty», «Kapkan», «Sluçaýnosti ne sluçaýny», «Soprano», «Absolýutno wsýo» we «Muraşkami» ýaly meşhur aýdymlaryna goşulyşyp aýdym aýtdylar. Konsert şow-baletiň çykyşlary bilen utgaşdy.
Mot çykyşynyň ahyrynda sahnada türkmen milli lybasynda – gyzyl donda we ak telpekde peýda boldy.
Sazly marafonyň dowamy 2019-njy ýylda «O Ses Türkiye» bäsleşigine gatnaşyp meşhurlyk gazanan türkiýeli pop aýdymçysy Semicenk (Jenk Baş) boldy. Aýdymçy Aşgabatda çykyş edýändigine we tomaşaçylara baýramçylyk şatlygyny berýändigine begenýändigini belledi.