Gensler kompaniýasynyň arhitektorlary geljekki Bagdadyň gender suratlaryny görkezdiler

  • düýn 18:08
  • 4.7k+

Amerikanyň Gensler binagärlik firmasy Yragyň paýtagty Bagdatda şäheriň täze etrabynyň görnüşlerini görkezdi. Baghdad Sustainable Forests  diýlip atlandyrylýan taslama 10 million inedördül metr tokaý meýdanynda döredilýär we bir million agaç ýerleşdirmek göz öňünde tutulan.

Bu sebit öňki harby lageriň ornunda ýerleşer we Emkanat deweloperi üçin işlenip düzülýär.
Täze etrapda seýilgähler we ýaşyl zolaklar bilen gurşalan gökdirän binalary, ýaşaýyş jaýlaryny, söwda we täjirçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Giriş derwezeleri ulgamy taslamanyň çäklerini aňladar, oňa tegelek burçly inedördül bazada ýerleşen egri şekildäki, 260 metr beýiklikdäki Al Rasheed Gateway-den we Tigr derýasynyň bir bölegini köpçülige açjak River Gateway-den giriler.

Täze taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň arasynda şäheriň täzelenmeginiň nyşanyna öwrüljek 110 metr beýiklikdäki Milli pawilýon bolar. Şeýle hem bu sebitde tematiki tokaýlar ýerleşer: Sungat we medeniýet tokaýlygy, Saglyk we abadançylyk tokaýlygy, Çagalaryň we güýmenjeleriň tokaýlygy, Sport we bedenterbiýe tokaýlygy.
Taslama häzirki zaman binagärçiligini tebigy gurşaw bilen birleşdirýän "ekologiki şäher etrapçasyny" döretmäge gönükdirilendir.


01.02.2025 12:03
9.7k+

Arheologlar Yragyň çöllüginde 1,5 million ýyllyk daş palta tapdylar

Brýusseliň azatlyk uniwersitetiniň (VUB) alymlary Yragyň Günbatar çölünde 1,5 million ýyllyk daş gurallary tapdylar diýip, Phys.org ýazýar. VUB-yň arheologiki ekspedisiýasy Yragyň Günbatar çölündäki Aş-Şabaka sebitinde...

şu gün 00:39
637

iPhone 17 Pro we Pro Max ilkinji güni satylyp gutardy: isleg teklipden ýokary boldy

Apple-iň täze smartfonlary satuwyň başynda uly isleg döretdi. Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, iPhone 17 Pro we iPhone 17 Pro Max has ýokary islegden peýdalanýar. Inçe iPhone Air smartfonyny bolsa ulanyjylar, esasan, bilesigelijilikden satyn alýar...

düýn 18:04
1.8k+

Uber Naýrobi milli seýilgähi üçin Safari syýahatçylyk hyzmatyny ýola goýdy

Uber kompaniýasy Uber Safari atly täze hyzmaty ýola goýdy. Hyzmat paýtagtyň içinde ýerleşýän ýeke-täk ýabany tebigat goraghanasy bolan Naýrobi milli seýilgähine gezelençleri hödürleýär. Taslama Uberiň Gündogar...

düýn 18:03
1.6k+

Aýdymçy Adel ýatlama ýazar

Aýdymçy Adel neşirçileriň haýyşyny birnäçe gezek ret edeninden soň, ahyrsoňy terjimehalyny ýazmak kararyna geldi. Bu barada çeşmä salgylanýan Daily Mail habar berýär.  Çeşmäniň berýän habaryna görä, aýdymçy geljekki kitabynda diňe bir özüniň döredijilik ýoly barada däl, eýsem şahsy durmuşy - çagalygy, mekdep ýyllary, romantik gatnaşyklary we enelik bagty hakda-da gürrüň bermegi meýilleşdirýär...