TMBIZ: Türkmenistanda ilkinji gysga wideo akym platformasy Google Play-de we App Store-de elýeterli boldy

  • 29.08.2025 20:14
  • 16k+

Türkmenistandaky  ilkinji gysga wideo akym hyzmaty bolan TMBIZ platformasy synag görnüşinde Google Play-de we App Store-de elýeterli boldy. Islendik adam bu mobil programmany ýükläp alyp, onuň mümkinçiliklerini ýakyndan barlap bilerler. Öň, platformanyň web saýtynyň synag görnüşinde işläp başlandygy barada habar beripdik.

Instagram, TikTok ýaly programmalara meňzeş bolan TMBIZ platformasy ulanyjylara gyzykly hasaplan wideolaryny, telekeçilere öz harytlaryny, hyzmatlaryny köpçülik bilen paýlaşmaga mümkinçilik berýär.
Täzelenen logotip hem-de dizaýn bilen çykarylan TMBIZ platformasy gyzyklanma bildirýän islendik ýaşdaky ulanyjynyň ondan aňsatlyk bilen peýdalanyp biler ýaly derejede işlenip düzüldi.

Islendik adam platformada köpçülige mälim etmek isleýän harytlaryny, arzanlaşyklaryny, hyzmatlaryny täsirli wideolar arkaly aňsatlyk bilen paýlaşyp bilerler. Ulanyjylar bolsa, gyzyklanmasyna görä, wideolara elýeterlilik alyp bilerler.
Platformanyň aýratynlyklarynyň biri “Top ulanyjylar” we “Top wideolar” bäsleşikleriniň bolmagydyr. Bu aýratynlyklar arkaly iň meşhur wideolar we işjeň ulanyjylar, halanma, paýlaşma, görülme we ýüklenme gazanyp bäsleşiklerde ýokary orunlary eýeläp bilerler.
Şeýle hem platformanyň çäginde bal sistema ýola goýuldy. Bal sistemanyň üsti bilen ulanyjylar isleýän mazmunlaryny (kontentlerini) ýükläp bilerler.
Islendik adam tmbiz.info web saýtyna girip ýa-da ykjam goşundy arkaly “Habarlaşmak” bölüminden pikirlerini paýlaşyp biler.

«TMBIZ» ykjam goşundysyny ýükläp almak üçin şu salgylara basyň: Google Play we AppStore
Resmi websaýt: tmbiz.info



düýn 17:01
2.1k+

IT NOKADY merkezinde IT-okuwlarynyň täze tapgyr açyldy: okuwlar 28-nji ýanwarda başlaýar

«IT NOKADY» okuw merkezi ýurdumyzda iň köp isleg bildirilýän IT-ugurlary boýunça täze okuw tapgyryny yglan edýär. Okuwlara 28-nji ýanwarda başlamak meýilleşdirilýär. Frontend programmirleme okuwlary Frontend programmirleme kursy döwrebap, ulanmaga amatly we wizual taýdan özüne çekiji web-interfeýsleri döretmegi öwretmäge gönükdirilendir...

10.01.2026 13:58
8.2k+

TMBIZ platformasynda – MEGA ÝARYŞ yglan edildi

TMBIZ internet platformasy – söwda we hyzmatlar ulgamynda hödürlenýän teklipleri ilata ilkinji gezek gysga wideo akymlaryň üsti bilen ýetirmäge niýetlenen sanly gurşawdyr. Bu barada biz öň hem habar beripdik. «Garaşsyz...

07.01.2026 21:04
5.5k+

YONEKEY programmasy arkaly Hytaýdan harytlary lomaý we bölekleýin sargyt edip bolýar

“YONEKEY” programmasy Türkmenistanyň ähli künjegindäki adamlar üçin Hytaýdan sargyt dilen dürli görnüşli harytlary iň arzan bahalardan getirip berýär. Sargytlary eltip bermegiň wagty: uçarda - 7-14 gün; ulag logistika ýoly bilen – 30-45 gün...

28.12.2025 12:45
9.3k+

“Ýönekeý” kompaniýasy Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýa okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlady

“Ýönekeý” kompaniýasy hemmeleri Täze – 2026-njy ýyl bilen tüýs ýürek gutlaýar hem-de Hytaýda, Türkiýede we Malaýziýa okamak isleýänleriň resminamalaryny kabul edip başlandygyny habar berýär. Okuw ugurlarynyň arasynda dil taýýarlygy (padkurs), bakalawr, magistrlik okuw maksatnamalaryndan başlap, jemi 150-den gowrak ugur saýlap bolýar...