FT: Dünýäde şokoladyň bahasynyň ýokarlanmagyna Ganadaky altyn gözlegçileri täsir etdi

  • 08.03.2025 16:47
  • 8.6k+

Ganada altynyň bikanun gazylmagy dünýäde şokolad bilen kakaonyň bahasynyň ýokarlanmagyna täsir etdi. Bu ýurt kakaonyň öndürilişi boýunça dünýäde ikinji orunda durýar. Emma ýerli plantasiýalar altyn gözlegçileri sebäpli barha köp zaýalanýar diýip, «Financial Times» habar berýär.

Mesele, altyn gözlegçileriniň köne usuldan – «galamsi» diýlip bilinýän köne gazuw usulyndan – peýdalanmagydyr. Bu usul oba hojalyk ýerleriniň gönümel üstünde altyn känini döretmegi göz öňünde tutýar. Netijede, köne we ekologiýa taýdan zyýanly tehnologiýalaryň ulanylmagy bilen toprak zaýalanýar we toprak ekinleri ekmek üçin uzak wagtlyk ýaramaz ýagdaýa gelýär.
Daýhanlar nägile: galamsiçi toparlar ýerleri zor bilen eýelemegi ýygjamlaşdyrdylar, hökümet bolsa kanuny kärendeçileri gorap bilmeýär. Diňe geçen ýylda Gana kakaosynyň hasyly 20% peseldi.
Bu ýagdaýy ýene-de erbetleşdirýän zat – hökümet tarapyndan kakaonyň bahasyna gözegçilik edilmegi. Bu bolsa daýhanlaryň dünýä bazaryndaky şokoladyň gymmatlamagyndan girdeji alyp bilmezligine sebäp bolýar. Şonuň üçin olar beýleki oba hojalyk ekinlerine geçmäge mejbur bolýarlar.
Ganaly telekeçiler, aktiwistler we hünärmenler altyn gazylýan ýerleriň, esasan, kakaonyň iň gowy ösdürilip ýetişdirilýän topraklarynda ýerleşýändigini belleýärler.
«Financial Times» neşiriniň maglumatlaryna görä, soňky üç ýylda kakaonyň bahasy iki esse ýokarlandy. Netijede, Nýu-Ýork biržasynda kakaonyň fýuçers bahasy artdy. Şokolad öndürijileri öňki bahalary saklamak üçin, öz önümlerindäki kakaonyň mukdaryny azaldyp başladylar.

düýn 22:17
1.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3.7k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
2.1k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

düýn 14:16
3.9k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....