Honda представила внедорожник Passport IV поколения: по цене от $40 тыс.

  • şu gün 06:16
  • 438
Honda представила внедорожник Passport IV поколения: по цене от $40 тыс.

Honda kompaniýasy taryhynda iň oňat ulag diýip atlandyran Passport wnedorožniginiň dördünji neslini yglan etdi. Kompaniýa täzelenen awtoulagyň tehniki häsiýetnamasyny, konfigurasiýalaryny we aýratynlyklaryny aýan etdi diýip, Top Gear habar berýär.

2026-njy ýylyň Passport-y 285 at güýjüni öndürýän, öňki wersiýasyndan 5 at güýji köp, 3,5 litrlik V6 hereketlendirijisi bilen enjamlaşdyrylan. Täze 10 tizlikli awtomatiki geçiriş bu model üçin ýörite uýgunlaşdyryldy. Tork wektorly i-VTM4 ähli tigri hereketli ulgam standart hökmünde girizildi.
Awtoulagyň podweskasy gowulaşdy. Süýlüp ýasalan polat ryçaglar we guýma demir kulaklar ulanylýar hem-de öňdäki MacPherson stoýkalary we köp ryçagly arka gurluşy täzeden dizaýn edildi. Öňki tormozlar 13,8 dýuýma çenli ýokarlandyryldy. Wnedorožnik 2250 kg-a çenli ýüki çekmäge ukyply.

Honda üç sany bezeg derejesini hödürlär: RTL, TrailSport we TrailSport Elite.
RTL wersiýasy gara radiator gözenegini, kümüşsöw bezegi we 18 dýuýmlyk ýalpyldawuk tigirleri aldy. TrailSport-da we TrailSport Elite -de ýantar LED yşyk çyralary, gara bezeg we General Grabber -iň 18 dýuýmlyk wezdehod  şinalary bar.
Ulagyň dizaýny güýçlendirildi: tigir bazasy, koleýasynyň ini we ýerden beýikligi  ulaldy.
Interýeri Google, Android Auto we Apple CarPlay goldawly 10,2 dýuýmlyk gural paneli we 12,4 dýuýmlyk merkezi displeý alýar. Yzky ýolagçylar üçin ýer 30 mm artdyryldy.
Awtoulagyň başlangyç bahasy 40 000 dollardan geçýär, ýöne takyk jikme-jiklikleri entek yglan edilmedi.


11.11.2024 15:22
4k+

Honda Accord 2025-iň dizaýnynyň täze jikme-jiklikleri aýan edildi

Hytaýyň Senagat ministrligi 2025-nji ýylyň Honda Accord-ynyň täze keşbini açýan suratlary çap etdi diýip, Autohome habar berýär. Iň göze ilýän aýratynlyk - radiatoryň formasy üýtgedilen hrom gözenegi, ol häzirki...

18.09.2024 19:50
5.9k+

Täze Honda Accord 2025 tanyşdyryldy: Bahasy we aýratynlyklary

Honda täze SE bezeg derejesinde elýeterli bolan täzelenen Accord 2025-i resmi taýdan hödürledi. Bu wersiýa esasy LX modelinden biraz ýokarda durýar we birnäçe möhüm täzelenmeleri aldy diýip, IXBT belleýär. SE turbo...

17.09.2024 11:52
2.4k+

Honda Hytaýda awtoulaglaryň hil görkezijileri babatda reýtinginde birinji orny eýeledi

J.D. Power 2024-iň Hytaýda awtoulaglaryň hiline bagyşlanan reýtinginde Honda köpçülikleýin bazar brendleriniň arasynda yzly-yzyna bäşinji ýyl birinji orny eýeledi diýip, Mobile-Review habar berýär. Kompaniýa ygtybarly...

08.08.2024 12:21
6.2k+

Toyota, Honda we Nissan awtoulag ägirtleri Hytaý bazaryndaky paýyny ýitirýärler

Ýaponiýanyň Toyota, Honda we Nissan awtoulag öndürijileri çalt ösýän Hytaý bazarynda kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Iýul aýynda bu kompaniýalaryň söwdasy ep-esli peseldi diýip, ITHome habar berýär. Financial...