Honda Hytaýda awtoulaglaryň hil görkezijileri babatda reýtinginde birinji orny eýeledi

  • 17.09.2024 11:52
  • 2.6k+

J.D. Power 2024-iň Hytaýda awtoulaglaryň hiline bagyşlanan reýtinginde Honda köpçülikleýin bazar brendleriniň arasynda yzly-yzyna bäşinji ýyl birinji orny eýeledi diýip, Mobile-Review habar berýär.

Kompaniýa ygtybarly we ýokary hilli awtoulag öndürijisi hökmünde abraýyny tassyklap, 195 bal aldy.
J.D. Power-iň 30 müňden gowrak awtoulag eýeleriniň pikirine esaslanýan barlagy awtoulaglaryň hiline ygtybarlylyk, rahatlyk we tehnologiýa ýaly, birnäçe ölçegler boýunça baha berýär.
Honda hil we innowasiýa babatda gazananlaryna buýsanýandygyny aýtdy.
Honda-nyň öndürýän  Fit, Accord, Avancier, Civic we Elysion ýaly modelleri öz kategoriýalarynda öňdebaryjy bolup, kompaniýanyň önümçilikde ýokary hile we müşderileri kanagatlandyrýan ülňülere ygrarlydygyny görkezýär. Ikinji ýerde CR-V, Odyssey we Vezel ýaly modeller durýar, olar öz segmentlerinde ajaýyp hili we ygtybarlylygy görkezmek bilen, öz orunlaryny ynamly eýeleýärler"- diýip,  awtoulag öndürijisiniň habarynda aýdylýar.


13.05.2026 23:03
1.5k+

Dreame kompaniýasy 100 km/sag-a 0,9 sekuntda çykyp bilýän raketa güýçlendirijili giperkar döretdi

Hytaýyň Dreame kompaniýasy Nebula Next 01 giperkarynyň Jet Edition atly täze görnüşini tanyşdyrdy. Bu modeliň esasy aýratynlygy — onuň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 0,9 sekuntda ýetmegine mümkinçilik berýän iki......

10.05.2026 21:39
3.6k+

Porsche satuwyň peselmegi bilen ýüzbe-ýüz boldy we käbir golçur kompaniýalaryny ýapýar

Germaniýanyň Porsche awtoulag öndürijisi giň gerimli gaýtadan guramak işleriniň çäginde özüniň Porsche E-Bike Performance, Cellforce Group we Cetitec ýaly golçur kompaniýalarynyň ýapylýandygyny yglan etdi....

06.05.2026 00:12
2.7k+

Xpeng 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär

Hytaýyň Xpeng kompaniýasy 2027-nji ýylda uçýan awtoulaglary iberip başlamagy meýilleşdirýär. Öndüriji eýýäm 7000-den gowrak sargyt aldy, olaryň köpüsi Hytaýdan gelip gowşan sargytlar....

05.05.2026 15:31
2.1k+

Volkswagen kompaniýasy Hytaýda elýeterli Jetta X krossowerini görkezdi

Volkswagen kompaniýasy Hytaý bazary üçin niýetlenen täze Jetta X elektrik krossoweri bilen tanyşdyrdy. Bu modeliň brendiň soňky ýyllarda ýerli önüm öndürijileriň bäsdeşligi sebäpli gowşan ornuny dikeltmäge......