Nýu-Ýorkda Şopeniň ozal näbelli eseri tapyldy

  • 31.10.2024 13:34
  • 2.3k+

Nýu-Ýorkda Morgan kitaphanasynda we muzeýinde Frederik Şopeniň ozal näbelli walsynyň golýazmasy tapyldy. The New York Times gazetiniň habar bermegine görä, edaranyň kuratory Robinson Makklellan kitaphananyň ýygyndysynda meşhur kompozitoryň ady bilen gol çekilen notaly saralan sahypany tapdy.

Şopene mahsus elýazma hatdan we aýdym-saz stilinden başga-da, eseriň hakykylygy kagyzynyň we syýasynyň derňew edilmegi  bilen tassyklandy.
Saz eseri bary-ýogy 80 sekunt dowam edýär we 24 takty öz içine alýar (gaýtalamany goşmak bilen 48). Eser çen bilen 1830-1835-nji ýyllar aralygynda, polýak kompozitory ýigrimi ýaşlaryndan geçiberende ýazylypdyr.
Taryhçylar şeýle açyşlaryň seýrek bolýandygyny nygtaýarlar - soňky ähmiýetli tapyndy ýarym asyrdan gowrak mundan ozal tapylypdyr.
Bilermenler tapylan walsyň gutarnyklydygyny, ýöne Şopeniň beýleki walslary bilen deňeşdirilende, has gysga we has ýönekeýdigini nygtaýarlar. Eser bilen YouTube-da erkin elýeterli ýerde tanşyp bilersiňiz. Bu eseri hytaýly meşhur pianinoçy Lan Lan ýerine ýetirdi.
Frederik Şopen XIX asyryň iň meşhur we üstünlikli kompozitorlaryndan biri hasaplanýar. Ol 1810-njy ýylda Warşawanyň golaýyndaky Želýazowa-Wolýa obasynda dünýä indi. Şopen eýýäm çagalygyndan fortepianoda saz çalmakda ussada öwrüldi we tiz wagtdan ajaýyp zehinli kompozitor hökmünde meşhurlyk gazandy. Ol gysga ömründe 250 töweregi saz eserini ýazyp, Parižde 39 ýaşynda aradan çykdy.
Ozal sentýabr aýynda Germaniýada awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň näbelli bir eseriniň tapylandygyny ýatladýarys. Bu eser 1760-njy ýyllaryň ortalarynda ýa-da ahyrynda ýazylypdyr, ýagny ýiti zehinli kompozitor ony entek ýetginjek wagty ýazypdyr. Eser, takmynan, 12 minut dowam edýän, kirişli trio üçin niýetlenen ýedi kiçi miniatýuradan ybarat.

düýn 20:14
1.7k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
666

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
2.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.1k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......