2 712 dollar: altynyň bahasy taryhy derejäni täzeledi

  • 19.10.2024 19:56
  • 12k+

2024-nji ýylyň dekabr aýyndaky üpjünçilik bilen altyn üçin fýuçersiň bahasy Comex biržasynda (Nýu-Ýork söwda biržasynyň bölümçesi) taryhy iň ýokary derejäni täzeledi we bir troý unsiýa üçin 2 708,7 dollardan ýokary satylýar. Bu barada söwda platformasynyň maglumatlaryna salgylanyp, TASS habar berýär.

Aşgabat wagty bilen 19:38-e çenli maglumatlara görä, gymmat bahaly metalyň bahasy bir troý unsiýa üçin 2 710,3 dollar (+0,71%) boldy. 19:53-e çenli altynyň bahasy ösüşini çaltlaşdyryp, bir troý unsiýa üçin 2 711,9 dollara (+0,77%) ýetdi.
Soňky gezek altyn fýuçersiniň bahasy 2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda bir troý unsiýa üçin 2 708,7 dollar belligine ýetipdi.

düýn 23:33
1.7k+

Serdar Berdimuhamedow welaýatlary ösdürmek meseleleri boýunça iş maslahatyny geçirdi

27-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly wise-premýer T.Atahallyýewiň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar......

düýn 12:26
3.2k+

Seljermeler 2030-njy ýyla çenli Irlandiýanyň Ýewropanyň iň baý ýurdy boljakdygyna güwä geçýär

Euronews Business tarapyndan seljerilen Halkara pul gaznasynyň (HPG) hasaplamalaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada jemi içerki önümiň jan başyna düşýän derejesi artar, emma ýurtlaryň gurplulyk derejesi......

düýn 02:06
3.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

26.04.2026 20:46
8.7k+

ABŞ-da 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wiza» tassyklanyldy: eýýäm ýüzlerçe arza taýýar

Donald Trampyň administrasiýasy ABŞ-da ýaşamak rugsadyny berýän 1 million dollarlyk ilkinji «altyn wizany» tassyklady. Söwda ministri Goward Lýutnik häzirki wagtda bu mümkinçilige eýe bolmak üçin ýüzlerçe......