Ewerest soňky 100 müň ýylda 10-50 m ösdi we ösmegini dowam etdirýär

  • 02.10.2024 19:01
  • 6.5k+

Ýeriň iň beýik nokady bolan Ewerest dagy soňky 100 müň ýylda 10-50 metr ösdi. Bu Gimalaý daglarynda derýalaryň özara täsiri netijesinde ýüze çykan seýrek geologik proses bilen baglanyşykly diýlip, “Nature Geoscience” žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.

Hytaýyň Ýer ylymlary uniwersitetiniň we Londonyň Uniwersitet kollejiniň alymlarynyň täze ylmy gözlegleri Tibetde Jomolungma we Nepalda Saragmatha ady bilen hem belli bolan Ewerestiň ösüş tizligine gaýtadan seretmäge itergi berdi.
Öň, dag ýylda 1 mm ulalýar diýlip hasaplanylypdy, ýöne GPS ölçegleriniň we kompýuter modelirlemäniň netijeleri tizligiň ýokarydygyny – ýylda 2 mm barabardygyny delillendirýär. Bu “derýa talaňy” diýilýän zat bilen düşündirilýär: takmynan, 89 müň ýyl ozak Kosi derýasy Arun derýasynyň goşandyny özüne alýar, bu hem sebitiň geologiki gurluşynyň üýtgemegine getirýär. Ýagny, Ewerestden aşakdaky jülgelerden dag jynslarynyň ýuwulmagy mantiýa düşýän basyşy azaldýar we netijede “izostatiki böküşe” getirýär. Bu düşýän agram azalandan soň, Ýer gabygynyň ýokary galmak prosesidir.
Jomolungmanyň ösmeginiň esasy sebäpleriniň biri tektoniki plitalaryň hereketi bolmagynda galýar, ýöne derýa eroziýasy bu prosesiň çaltlaşmagynda möhüm rol oýnaýar. Şeýle hadysalar Alp daglary we Antarktida ýaly beýleki dag ulgamlarynda-da hasaba alyndy.
Belläp geçsek, häzirki wagtda Ewerestiň beýikligi deňiz derejesinden 8848 m barabar. Dag, takmynan, 40 – 50 mln ýyl ozal Hindi we Ýewraziýa tektoniki plitalarynyň çaknyşmagy netijesinde emele gelipdir.

şu gün 09:56
3.2k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

düýn 22:20
3.9k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

düýn 18:47
4.2k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......

düýn 16:12
3.5k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......