Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner karýerasynda 14-nji titulyny gazandy

  • 24.06.2024 16:05
  • 3.4k+

Dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner Germaniýanyň Halle şäherinde geçirilen ATP 500 ýaryşynyň finalynda polşaly Hubert Hurkaçdan üstün çykdy. Ýaryşyň baýrak gaznasy 2,2 mln ýewrodan geçýär.

Duşuşyk 7:6 (10:8), 7:6 (7:2) hasabynda birinji belgide ýerleşdirilen italiýalynyň peýdasyna tamamlandy. Hurkaç ýaryşda bäşinji belgi bilen ýerleşdirildi. Tennisçiler kortda 1 sagat 49 minut sarp etdiler.
Sinner 22 ýaşynda, ol karýerasynda ýekelikde 14-nji we häzirki möwsümde dördünji titulyny gazandy. Türgen Awstraliýanyň Açyk çempionatynyň häzirki ýeňijisidir.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....