“Uimbledonyň” baýrak gaznasy rekord 50 mln funt sterling bolar

  • 14.06.2024 15:24
  • 6.2k+

Umumy Angliýa laun-tennis we kroket kluby (AELTC) 2024-nji ýylyň “Uimbledon” ýaryşy üçin baýrak gaznasynyň rekord 50 mln funt sterling (59,2 mln ýewro) boljakdygyny habar berdi. Bu 2023-nji ýyldakydan 11,5% ýa-da 5,3 mln funt sterling köpdür diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Erkekleriň we zenanlaryň arasynda ýekelikde çempion bolanlaryň her biri 2,7 mln funt sterling alarlar, bu geçen ýyldakydan 14,5% (350 müň funt sterling) köpdür.
Möwsümde üçünji “Uly tuwulga” ýaryşy bolan “Uimbledon” 1-nji iýuldan 14-nji iýul aralygynda geçer. Ýaryşyň häzirki çempionlary ispaniýaly Karlos Alkaras we çehiýaly zenan türgen Marketa Wondrouşowadyr.


23.05.2026 16:21
10k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.8k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......

18.05.2026 17:48
1.6k+

Sinner bassyr altynjy gezek «Masters» ýaryşynda ýeňiş gazandy

Dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Rimde geçirilen ATP «Masters» seriýasynyň ýaryşynyň ýeňijisi boldy. Ol finalda norwegiýaly Kasper Ruudy 6:4, 6:4 hasabynda utmagy başardy....

04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....