Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň hyzmatdaşlygynyň san maglumatlaryny aýtdy

  • 12.06.2024 02:11
  • 12k+

11-nji iýunda Aşgabatda Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda geçirilen türkmen-koreý işewürler maslahatynda Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň netijeleri barada çykyş etdi.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda dürli ugurlar boýunça 105 resminama gol çekildi. Şolardan 26-sy döwletara we hökümetara resminamalar, 79-sy bolsa pudagara resminamalar bolup durýar. Iki ýurduň arasynda alnyp barylýan netijeli söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda has hem berkeýär. Türkmenistanda Koreýanyň maýasynyň gatnaşmagynda 13 sany kärhana hasaba alyndy diýip, Halk Maslahatynyň Başlygy kanagatlanma bilen belledi.
Häzirki wagta çenli Türkmenistanda koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda umumy bahasy 11 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan 14 sany maýa goýum taslamasy bar.  Olaryň hatarynda: «Galkynyş» gaz käninde gazy kükürtden arassalaýan zawodyň  gurluşygy; Gyýanlyda polietilen we polipropilen öndürýän gaz himiýa toplumynyň gurluşygy; Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegi; «Hyundai» kysymly 1 müň 630 awtobusyň we 300 sany taksi ýeňil awtoulagynyň satyn alynmagy ýaly iri taslamalary görkezmek bolar. Şonuň bilen birlikde, «Koryo» gämigurluşyk senagaty tehnologiýa kärhanasynyň gatnaşmagynda «Balkan» gämigurluşyk we abatlaýyş zawodynda 2 sany gury ýük gämileriniň gurluşygy hem alnyp barylýar.


düýn 19:38
2.8k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.2k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......