“Altyn top” baýragynyň gowşurylyş senesi belli boldy

  • 08.06.2024 06:49
  • 18k+

Ýylyň iň gowy futbolçysyna “Altyn top” baýragynyň gowşurylyş dabarasy 28-nji oktýabrda Parižde geçiriler. Bu barada baýragyň guramaçylary X sosial ulgamynda habar berdiler.

Baýraga dalaşgärler 4-nji sentýabrda yglan ediler. Baýragyň soňky eýesi Lionel Messi boldy. Onuň hasabynda sekiz sany “Altyn top” bolup, ol bu görkeziji boýunça rekord eýesidir. 2024-nji ýylda dabaranyň çäklerinde ýene iki sany täze baýrak gowşurylar – erkekleriň we zenanlaryň futbolynda iň gowy tälimçilere. Jemi 10 nominasiýa hödürlener.
Baýragy esaslandyryjy “France Football” žurnaly şu ýyldan başlap Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşigi (UEFA) bilen hyzmatdaşlyk eder. 2010-njy ýyldan 2015-nji ýyl aralygy baýraklar Halkara Futbol Federasiýasy (FIFA) bilen bilelikde gowşuryldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......