Hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi

  • 02.06.2024 01:33
  • 3.1k+

29-njy maýda Er-Riýadda geçirilen Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisiniň barşynda öň gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek meseleleri maslahatlaşyldy we geljegi uly taslamalar boýunça çözgütleri kabul edildi.

Iki ýurduň wekiliýetlerine toparyň başlyklary ýolbaşçylyk etdi: türkmen tarapyndan – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, saud tarapyndan – Saud Arabystanynyň maýa goýumlar ministri Halid Al-Falih.
Türkmen wekiliýetiniň düzümine şeýle hem Döwlet ministri – “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, Türkmenistanyň Daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarow, maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary B.Ýalakow, beýleki döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri girdiler.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky söwda amallaryny we maýa goýumlaryny berkitjek geljegi uly birnäçe taslamalar boýunça gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny üpjün etmek üçin hyzmatdaşlyk, ulaglary, üstaşyr ugurlary birleşdirmek, energiýa howpsuzlygy boýunça pikir alşyldy.
Taraplar şeýle hem eksport-import harytlarynyň möçberini artdyrmaga gönükdirilen teklipleri beýan etdiler.
Duşuşygyň jemleri boýunça Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-saud toparynyň 7-nji mejlisiniň Beýannamasy kabul edildi.
Mundan öňki, hökümetara türkmen-saud toparynyň 6-njy mejlisi 2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilipdi.


düýn 19:38
3k+

Raşid Meredow ukrain diplomatlary bilen duşuşdy

25-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ukrainanyň daşary işler ministriniň orunbasary Oleksandr Mişenko we Ukrainanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen......

düýn 19:26
1.3k+

Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi

25-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-ukrain syýasy geňeşmeleri geçirildi. Bu barada ministrligiň metbugat gullugy habar......

26.06.2026 20:55
2.8k+

Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglandy

25-nji iýunda Tokioda, Ýaponiýanyň Parlamentiniň binasynda Ýapon-Türkmen Parlamentara Dostluk toparynyň ozalky başlygy Toşiaki Endo «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny we......

25.06.2026 19:25
1.3k+

Astanada türkmen-gazak ykdysady hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary kesgitlenildi

24-nji iýunda Astana şäherinde Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda Ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki hökümetara türkmen-gazak toparynyň nobatdaky mejlisi......