23-nji maýda UEFA-nyň wekilleri žurnalistlere Çempionlar ligasynyň indiki möwsümden giriziljek täze formaty barada gürrüň berdiler. Bu barada COPE-a salgylanyp, “Çempionat” habar berýär.
Üýtgeşmeler oýunlaryň senenamasyna-da täsir etdi:
- Gatnaşyjylaryň sany 32-den 36-a çenli artdyrylar.
- Toparlaýyn tapgyr her topar üçin sekiz oýunly bir umumy jedwel bilen çalşyryldy.
- Oýunlar sişenbe gününden penşenbe güni aralygynda geçiriler.
- Jemleýji tapgyryň 18 oýnunyň ählisi bir günde parallel geçiriler (29-njy ýanwar).
- Üç bije çekişik göz öňünde tutuldy: birinji tapgyrdan öň, geçiş oýunlardan öň (9-njy orundan 24-ünjä çenli orunlary eýelän klublaryň arasynda) we 1/8 finaldan öň. Gatnaşyjylaryň soňky jübütleri ýaryş setkasy arkaly düzüler.