TikTok-da dowamlylygy bir sagada çenli bolan wideolary ýükläp başladylar

  • 18.05.2024 16:22
  • 4.3k+

TikTok-da dowamlylygy bir sagada çenli bolan wideolary ýüklemek mümkinçiligi synagdan geçirilip başlandy. Bu barada sosial ulgamyň eýesi bolan Hytaýyň ByteDance kompaniýasyna salgylanyp, TechCrunch habar berýär.

Ýöne bu uzyn wideolary ilki ulanyjylaryň diňe belli bir böleginiň ýükläp biljekdigi bellenilýär.
Ilkibaşda TikTok-da wideonyň iň ýokary dowamlylygy 15 sekuntdy. Sosial ulgamda wagt çäginiň kem-kemden artdyrylmagynyň sebäbi YouTube bilen bäsdeşlik we adatça wideolaryny diňe bu platforma ýükleýän mazmun döredijileri platforma çekmek bilen baglanyşyklydyr.
ByteDance täze formatyň aşpezlik şoularyny döredijilere, komiklere, mugallymlara we beýleki ulanyjylara wideony mejbury böleklere bölmezlige kömek eder diýip belleýär. Şeýle-de, platformada telewizion şoularyň doly wersiýasynyň peýda bolmagyna garaşylýar.


16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

17.05.2026 23:27
3.1k+

TikTok-da görüp oturan wideolaryňdan myhmanhanalary we syýahatlary göni bronlamak hyzmaty peýda boldy

TikTok kompaniýasy myhmanhanalary, gözel ýerleri we güýmenje ýerleri gözlemek hem-de bronlamak funksiýalaryny göni ykjam goşundynyň içine birleşdirýän TikTok GO hyzmatynyň resmi taýdan işe girizilendigini......

13.05.2026 20:01
4.5k+

TikTok ABŞ-da çagalaryň maglumatlary boýunça gozgalan dawany çözmek üçin 400 million dollar tölär

ABŞ-nyň hökümeti we TikTok sosial ulgamynyň ýolbaşçylygy kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylaryň gizlinliginiň bozulmagy bilen bagly giň gerimli derňew işi boýunça ylalaşyk baglaşmaga golaýlaşýarlar. Tölenjek......