Türkmenistanyň ilçisi Filippinleriň Prezidentine ynanç hatlaryny gowşurdy

  • 16.05.2024 23:24
  • 10k+

14-nji maýda Manila şäherindäki Malakanang köşgünde Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Tokio ş.) Atadurdy Baýramowyň Filippinleriň Prezidenti Ferdinand Romualdes Markos Juniora ynanç hatlaryny gowşuryş dabarasy geçirildi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçi Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Filippinleriň Prezidentine mähirli salamlary we iň gowy arzuwlary ýetirdi, şeýle hem türkmen tarapynyň Türkmenistan bilen Filippinleriň arasyndaky dürli ugurlar boýunça dostlukly gatnaşyklary berkitmäge gyzyklanmasyny tassyklady.
Prezident Ferdinand Romualdes Markos Junior mähirli salamlar we oňat arzuwlar üçin çuňňur sagbolsunyny bildirdi we öz gezeginde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa dostlukly salamlaryny ýetirilmegini haýyş etdi.
Şeýle hem Filippinler Respublikasynyň Prezidenti iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we özara düşünişmegiň möhümdigini nygtamak bilen, Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.


düýn 16:02
877

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......