“Argentina-Kebap” restoranynyň aşpezi steýk taýýarlamagyň aýratynlyklary barada aýtdy

  • 13.05.2024 14:27
  • 15k+

Öý şertlerinde steýk taýýarlamaga synanyşyp gördüňizmi?
Etiň jylka bölegini otda gyzartmak steýk däldir. Eti dogry saýlap almakdan başlap, ýanyp duran oduň güýçlüligine çenli, steýk taýýarlamagyň öz aýratynlygy bar. Aşgabatdaky “Argentina-Kebap” restoranynyň baş aşpezi nädip tagamly steýkleri taýýarlaýandyklary barada gürrüň berdi.

"Ilki bilen steýk üçin etiň dogry bölegini saýlap almakdan başlamaly. Sygryň steýk üçin laýyk gelýän bölekleri onuň beýleki böleklerinden gymmatdyr. Malyň dürli böleklerinden jylka çykaryp bolar. Olar tagamy, görnüşi we bahasy boýunça tapawutlanýar. Iň esasy bilmeli zat, malyň steýk üçin alynýan et bölegi - ýumşak bolmalydyr.
Ýene bilmeli zatlaryň biri: steýkiň gowrulyş derejesidir. Adatça, steýk bäş görnüşde gowrulýar: Rare, ýa-da başgaça aýdylanda, ganly et. Onuň gowrulyş derejesi — +50°C. Medium rare, ýa-da pes temperaturada gowrulan et, temperaturasy — +55°C. Medium, ýa-da orta dereje gowrulan steýk. Temperaturasy — +60°C. Medium well, ýa-da doly gowrulana ýakyn et. Temperaturasy — +65°C. Well done, ýa-da oňat gpwrulan et. Temperaturasy — +70°C.
Ondan başga-da, görnüşler bar. Mysal üçin, blue ýa-da extra rare gowruş. Munda çige ýakyn, ýöne sowuk däl et göz öňünde tutulýar (temperaturasy +45°C). “А too well done” usulda taýýarlana steýkde bolsa etiň gyzyla ýakyn reňkinden asla nam-nyşan galmaýar. Onuň temperaturasy +70°C.

Steýk taýýarlamagyň internetde ýüzlerçe usuly bolup biler. Emma hakyky tagamy diňe ussat aşpezler berip biler. Aşgabat şäherinde ýerleşýän “Argentina-Kebab” restorany italýan usulynda taýýarlanan steýklerinden dadyp görmäge çagyrýar. Her gün 12:00-dan 16:00 aralygynda restorana gelýänler üçin steýkler 70 manatdan.
Şeýle hem her gün eltip bermek hyzmaty arkaly sargyt edýänler üçin ähli tagamlara -30% ARZANLAŞYK hereket edýär.

Salgysy: Aşgabat ş., 9-njy Mkr.
Telefonlar:
+99364 74-22-20;
49-07-87.


12.06.2026 18:22
9k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.1k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.1k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......

08.06.2026 15:19
6.5k+

Türkmenistanda howa maglumaty: hepdäniň başy we ahyry ýagyşly bolar

Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugy Türkmenistanda şu hepde (8–14-nji iýun) bolmagyna garaşylýan howa barada maglumat berdi....