Gyzjagaz diwaryň aňyrsyndaky “nägehanlardan” zeýrenipdir. Ol 50 müň sany ary üýşmegi bolup çykdy

  • 06.05.2024 11:14
  • 17k+

Demirgazyk Karolinanyň (ABŞ) ýaşaýjysy Eşli Massis Klass birnäçe aýlap üç ýaşly gyzjagazynyň nämeden zeýrenýändigine düşünip bilmedi. Gyzjagaz öz otagynyň diwarynyň aňyrsynda “nägehanlaryň” ýaşaýandygyny aýdýardy. Ene-atasy ilkibaşda gyzjagazyň bolşuny maşgalada ikinji çaganyň dünýä inmegi bilen baglanyşdyrdylar, emma öz köne öýleriniň üçeginde we otaglarynda günsaýyn köpelýän arylary görenlerinde munuň beýle däldigine göz ýetirdiler diýip, People neşiri ýazýar.

Zyýan berijilerden goraýyş kompaniýasy bularyň bal arylarydygyny we olara ýitip gitmek howpunyň abanýandygyny, şol sebäpli olara awy sepmegiň gadagandygyny  düşündirdi. Soňra är-aýal teplowizorly (ýylylyk görkezýän enjamy bolan) balaryçyny çagyrdylar. Onuň ýüze çykaran zady är-aýaly haýran galdyrdy. Balaryçy diwary döwen pursady jaýyň eýesi gorkunç film görýändirin öýtdi. Balary üýşmeginiň jaýyň diwarynda ary kökesini ýasandygy we sekiz aýyň içinde onuň ägirt uly möçberlere - takmynan 50 müň sany  balary sygýan ululyga ýetendigi ýüze çykdy.
Balarylar öýe tüsseçykaryň deşiginden giripdirler.
Aryçy ene aryny, üýşmegiň bir bölegini we 45 kilogram balary öýjügini aýyrmagy başardy, ýöne birnäçe müň ary öldi.
Jaýa ýetirilen zyýan, takmynan, 20 müň dollar töweregi diýlip çaklanylýar we olar arylaryň öýe giren deşigini ýapmaly, diwary dikeltmeli, gaýtadan izolýasiýa etmeli we bal akyp zaýalanandygy sebäpli ähli elektrik simlerini täzeden çekmeli bolar. Şu işler edilen ýagdaýynda hem arylaryň balyň ysyna gaýdyp gelmek ähtimallygy bar.


10.06.2026 16:26
5.7k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
16k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

04.06.2026 23:16
5.1k+

ABŞ-nyň kazyýeti iň uly atmosfera barlaglary merkeziniň başga operatora geçirilmegini gadagan etdi

ABŞ-nyň Federal kazyýeti döwlet edaralarynyň amala aşyrýan çäreleriniň kanunylygyny şübhe astyna alyp, ABŞ-nyň Atmosfera barlaglary boýunça milli merkeziniň (NCAR) superkompýuter merkezini başga bir operatora......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......